Türkmenabatda hususy telekeçiligiň orny: «Şerbet» süýji-köke önümleriniň ussatlary

Okt 10, 2025 - 10:19
Türkmenabatda hususy telekeçiligiň orny: «Şerbet» süýji-köke önümleriniň ussatlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmeginde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda telekeçilik ulgamyna uly ähmiýet berilýär. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, ulgamyň işini kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan tutumly işleriň netijesinde hususyýetçileriň başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirilip, Diýarymyzyň ak bazarlarynda dürli harytlaryň bolçulygy döredilýär.
Azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de partiýasynyň agzasy «Şerbet» süýji-köke önümlerini taýýarlaýan önümçiligiň hem mynasyp goşandy bar. Türkmenabat şäherinde ýerleşýän hususy önümçilikde işçi-hünärmenleriň 50-den gowragy zähmet çekip, önümçilik iki iş çalşygynda alnyp barylýar. Bagtyýar raýatlarymyzyň ösen isleglerini kanagatlandyryp, eýýäm birnäçe ýyldan bäri halkymyza hyzmat edip gelýän bu hususy önümçilikde toý saçaklarymyzyň bezegi bolan süýji-köke önümleriniň, ýokary hilli baýramçylyk süýjülikleriniň dürli görnüşleri taýýarlanylýar.
— Önümlerimiz sargytlar esasynda, ilatyň islegine görä taýýarlanylyp, olaryň bezeg aýratynlyklaryna, hil derejesine uly üns berilýär. Şonuň üçin hem «Arzuw», «Erteki», «Şerbet», «Şanly», «Milli öwüşgin», «Miweli», «Aý», «Güneş», «Mylaýym hoz tagamly», «Täsinlik» ýaly baýramçylyk süýjüliklerimiz ildeşlerimiz tarapyndan uly isleg bilen satyn alynýar. Önümçiligimizde bir gije-gündiziň dowamynda 300 kilograma golaý konditer önümlerini taýýarlaýarys — diýip, hususy önümçiligiň ýolbaşçysy hem tehnology Elnara Bahtu gürrüň berýär.
Elbetde, önümleriň hili ony taýýarlaýan işgärleriň ussatlygyna bagly. Döwrebap önümçilikde hem öz işine ökde hünärmenler täzeçilligiň gözleginde döredijilikli zähmet çekýärler. Ýokary hil derejesi bilen bir hatarda önümleriň göze gelüwli bezelişi, özüne çekijiligi müşderileri biparh goýmaýar. Önümleriň dizaýn-bezeg işlerinde çörek we konditer önümleriniň önümçiligi boýunça ýokary bilim alan, «Şerbet» konditer önümçiliginiň hünärmeni Şirin Häsiýetowanyň, şeýle-de konditer bezegçisi Jahan Rustamowanyň mynasyp hyzmaty bar.
— Bizde baýramçylyk süýjülikleriniň 30-dan gowrak, şeýle-de gutap, köke, dolama we şuňa meňzeş beýleki konditer önümleriniň 40-a golaý görnüşi taýýarlanylýar. Önümler taýýarlanylanda, ilatyň ösen islegi göz öňünde tutulýar. Esasan-da şokolad tagamly süýjülikler müşderileriň islegli önümi. Soňky ýyllarda ir-iýmişli we miweli süýjülikler hem kän satyn alynýar. Işimiziň öňe ilerlemeginde her bir işçi-hünärmen mynasyp goşandyny goşýar. Hususan-da, bu işde hünärmenler Zuhra Hamraýewanyň, Swetlana Şakirowanyň, Nadežda Orlowanyň, Bella Denisowanyň, Çynar Hallyýewanyň, Irina Samatowanyň, Sofiýa Çaryýewanyň, Wenera Şadyýewanyň, bişirijiler Raima Gullyýewanyň, Sergeý Hojaýewiň zähmetini aýratyn belläp geçesim gelýär. Olaryň yhlasy bilen taýýarlanylýan süýji-köke önümlerini ildeşlerimiz söwda dükanymyzdan islendik wagtda satyn alyp bilýärler. Galyberse-de «Şerbet» kafemiz halkymyza giňden hyzmat edýär. Nesip bolsa, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uludan bellenilýän şanly seneleri joşgunly zähmet ýeňişlerimiz bilen garşylarys. Biz — telekeçilere döredilýän uly mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimizden sagbolsun aýdýaryn — diýip, hususy önümçiligiň ýolbaşçysy Elnara Bahtu buýsanç bilen hoşallygyny beýan etdi.