Lebapda saglygy goraýyş işgärleri höweslendirildi
Dabarada «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermekde has tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Şeýle-de dabarada tejribeli lukmanlaryň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bellenilýän üstümizdäki ýylymyzda ähli etrapdyr şäherlerimizde saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, keselleriň öňüni almagyň we olary bejermegiň täze usullaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň amala aşyrylandygy we bu ugurda şanly üstünliklere ýetilendigi bellenildi.
