“Liwermpul” ýeňiş bilen yzyna dolandy

Noý 2, 2025 - 09:38
“Liwermpul” ýeňiş bilen yzyna dolandy

"Liwermpul" öz meýdançasynda "Aston Willa" bilen bolan Angliýanyň Premýer-ligasynyň duşuşygynda 2:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy we şonuň bilen bilelikde çempionatda dört oýundan ybarat ýeňlişler tapgyryny togtatdy.

Report neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal “gyzyllar” “Kristal Pýelas” (1:2), “Çelsi” (1:2), “Mançester Ýunaýted” (1:2) we “Brentford” (2:3) toparlaryna garşy geçiren oýunlarynda ýeňlişe sezewar bolupdy.

Bellenilişi ýaly, ähli ýaryşlary göz öňünde tutanyňda, mersisaydlylar soňky sekiz duşuşygyň altysyny utuldylar, şolaryň arasynda “Aston Willa” bilen bolan bu ýeňiş hem bar.

Bu oýundan soň Arne Slotyň ýolbaşçylygyndaky “Liwermpul” 18 utuk bilen Premýer-liganyň sanawynda üçünji orny eýeleýär, “Unaý Emeriniň” ýolbaşçylygyndaky “Aston Willa” bolsa 15 utuk bilen 11-nji basgançakda ýerleşýär.