Mask: SpaceX orbitada maglumat merkezlerini döretmek bilen meşgullanar
Emeli aňyň (EA) çalt ösmegi hasaplaýyş kuwwatyna we maglumat saklaýyş ulgamlaryna bolan islegi artdyrdy. Bu bolsa maglumat merkezlerini kosmosa ýerleşdirmek baradaky gyzyklanmanyň ep-esli ýokarlanmagyna sebäp boldy. Starcloud ýaly birnäçe başlangyç kompaniýa bu ugurda iş alyp barýarka, bu pikir häzirki wagtda tehnologiýa ägirtleriniň hem ünsüni çekdi.
Maý aýynda öňki Google ýolbaşçysy Erik Şmidt, orbitadaky maglumat merkezlerine bolan gyzyklanmasy sebäpli Relativity Space kompaniýasyny satyn aldy. Şondan soň, oktýabr aýynyň başynda Amazonyň esaslandyryjysy Jeff Bezos, 10–20 ýylyň içinde ägirt uly maglumat merkezleriniň kosmosda guruljakdygyny çaklady. Indi bolsa, dünýäde iň giň kosmos infrastrukturasy bolan SpaceX kompaniýasynyň eýesi Ilon Mask hem bu tehnologiýa bolan gyzyklanmasyny mälim etdi.
«Starlink V3 hemrallaryny giňeldip ulaltmak ýeterlik – olar ýokary tizlikli lazer aragatnaşyk ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan. Şondan soň ähli zat işleýär. Bu iş bilen SpaceX meşgullanar», – diýip, Ilon Mask sosial ulgam X-de (öňki Twitter) ýazdy.
Maskyň orbitadaky maglumat merkezlerine bolan gyzyklanmasy bu täze pudagyň derejesini ep-esli ýokarlandyrýar. Bu ideýanyň tarapdarlary birnäçe artykmaçlygy görkezýärler: Günüň energiýasy mugt we çäklendirilmedik, şeýle hem ýer ýüzünde şeýle merkezleriň gurluşygy bilen bagly ekologik çykdajylar ýok.
Emma tankytçylar bu merkezleriň kosmosda gurulmagynyň ykdysady taýdan netijesizdigine ynanýarlar we bu iş üçin zerur bolan tehnologiýalaryň heniz ýeterlik derejede ösüş tapmandygyny belleýärler. Şu ýerde bolsa, SpaceX-iň Starlink hemralar ulgamy bu pikirleri düýpli sorag astyna aldy – kompaniýa häzirki wagtda millionlarça müşderä ýokary tizlikli internet hyzmatyny hödürleýär we hatda girdeji gazanýan derejä ýetdi. Şonuň üçin, eger Mask Starlink ulgamynyň arhitekturasyny maglumat merkezlerine uýgunlaşdyryp boljak diýip hasaplasa, senagat muny äsgermezlik edip bilmez.
Maglumat merkezleriniň esasy wezipesi – maglumatlary saklamak, gaýtadan işlemek we geçirmekdir. Aslynda hemrallar taryh boýunça bu işleriň köpüsini eýýäm ýerine ýetirýärler: aragatnaşyk hemrallary maglumatlaryň geçirilmegine, uzakdan zondirleme hemrallary bolsa uly göwrümli maglumatlary ýygnamaga we ýer stansiýalaryna ugratmaga ýöriteleşendir. Soňky ýyllarda hemra kompýuterleri maglumatlary işlemekde has ösen derejä ýetdi. Şonuň üçin orbitadaky maglumat merkezleri bu ösüşiň indiki tapgyry bolup biler.
Ýöne ýer ýüzündäki infrastrukturanyň derejesinde işläp biljek maglumat merkezlerini döretmek üçin örän iri hemralar we giň Gün panelleri zerur bolar. Bu babatda bolsa SpaceX-iň Starlink V3 hemrallary häzirki wagtda bäsdeşleriniň arasynda deňi-taýy bolmadyk tehnologiýa hasaplanýar.
