Lukman garry adamlarda näme üçin gözleriň ýaşarýandygyny düşündirdi
Oftalmolog-lukman Sino Goziýew (“Gazeta.Ru” neşirine beren beýannamasynda) garry adamlarda gözleriň ýaşarmagynyň üç esasy sebäbiniň bardygyny aýtdy. Lukmanyň bellemegine görä, bu ýagdaý ýaş kanallarynyň daralmagy, gapaklaryň aşak sallanmagy (ptoza) ýa-da ýaş beziniň işiniň bozulmagy bilen baglanyşykly bolup biler.
«Ýaş kanallarynyň daralmagy ýa-da tutulmagy garry adamlarda ýygy duş gelýän ýagdaýdyr. Ýaş geçdigiçe, ýaş ýollarynyň anatomik gurluşynda üýtgeşmeler bolýar: olar daralýar, gysgalýar, elastikligini ýitirýär. Netijede, ýaş suwuklygynyň akmagy kynlaşýar, bu bolsa onuň ýygnanmagyna we gözleriň hemişe ýaşarmagyna getirýär», — diýip lukman düşündirdi.
«Gapaklaryň aşak sallanmagy (ptoza) we deriniň gowşamagy sebäpli göz gapaklary doly ýapylmaýar, aýratyn-da ukuda. Bu ýagdaý gözüň mäziniň guramagyna sebäp bolýar, şonuň netijesinde ýaş bezleri has köp suwuklyk bölüp çykarmaga başlaýar. Bu ýagdaý “reflektor ýaşarma” diýlip atlandyrylýar» diýip, doktor belledi.
Üçünji sebäbiň bolsa — ýaş beziniň işiniň bozulmagy diýip düşündirdi Goziýew.
«Ýaş suwuklygynyň bölünip çykmagynyň azalmagy ýa-da onuň düzümindäki üýtgeşmeler “gurak göz” sindromyna sebäp bolýar. Görnüşine görä, bu ýagdaýda göz gurak bolsa-da, tersine, ýaşarma döreýär. Munuň sebäbi — gurak mäzde reflektor mehanizmiň işjeňleşip, diňe suw bölegini (ýöne ýagly we nemli bölekler bolmazdan) öndürmegidir. Şonuň üçin ýaş plyonkasy durnuklylygyny ýitirýär» diýip, lukman düşündirdi.
