Möwsümiň islegli önümi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda il-ýurt bähbitine gönükdirilen telekeçilik işlerinde welaýatymyzyň telekeçileri uly işjeňlik görkezip, dürli senagat harytlarynyň önümçiligi bilen bir hatarda azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Iýul 24, 2025 - 11:20
Iýul 24, 2025 - 16:12
Möwsümiň islegli önümi

Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek babatda döwlet syýasatyndan, bu ugurda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryndan, yzygiderli goldawlaryndan ruhlanyp, zähmet üstünliklerine beslenen önümçilikleriň hatarynda Saýat etrabynyň Garamyt geňeşliginde ýerleşýän «Enaý» haryt nyşanly hususy önümçilik hem görkezmek bolar.

Telekeçi Jumagül Annaýewa tarapyndan esaslandyrylan bu önümçilikde häzirki tomus aýlarynda buzgaýmaklaryň dürli görnüşi taýýarlanýar. Önümçilik üçin zerur bolan sygyr süýdi şahsy hojalyklardan satyn alynýar. Hususy kärhanada süýdüň hil derejesine aýratyn talap bildirilýär. Ýörite barlaghana şertlerinde döwrebap enjamlaryň kömegi bilen süýdüň düzümi takyk barlanylyp, ýaramlylyk derejesi öwrenilýär. Süýdüň ýaglylyk görkezijileri bolsa önümçilikde möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda her günde çig mallynyň 500 litri gaýtadan işlenilip, buzgaýmaklaryň 4 müňe golaýy öndürilýär.

Ilkibaşda bu ýerde önümiň sanlyja görnüşi taýýarlandy, soňra ýyllaryň tejribesine daýanmak bilen olaryň sany ep-esli artdyryldy. Ýeri gelende belläp geçsek, hususy önümçilikde ýakyn günlerde buzgaýmagyň täze bir görnüşiniň öndürilmegine garaşylýar.

— 2010-njy ýylda üstünlikli ýola goýlan hususy önümçiligimize Hytaý Halk Respublikasynyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylyp, ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän buzgaýmaklaryň 21 görnüşi taýýarlanýar. Hususan-da, «Näzli», «Şadyýan», «Seniň üçin», «Bally dünýä», «Saz», «Garlawaç», «Yhlas», «Buzly tolkun», «Nurly» atly alyjylara ýetirilýän ýakymly hem siňňitli, düzümi baýlaşdyrylan, hoşboý ysly we tagamly buzgaýmaklar möwsümiň islegli önümlerine öwrülýär. Olaryň düzümine wanil, garpyz, ýertudana, gawun tagamlary bilen baýlaşdyrylýar. Şokolad örtükli hem-de karamel bilen taýýarlanýan buzgaýmaklar önümçiligiň esasy bölegini eýeleýär. Olaryň arasynda alyjylar tarapyndan iň köp satyn alynýan ýertudana we üljä müräbbe, pisse we hoz manyzy goşulan şokolad tagamly «Zümmeret» buzgaýmaklaryny belläp geçmegimiz gerek — diýip, hususy önümçiligiň iş dolandyryjysy Mukam Annaýew gürrüň berýär.

Hawa, önümleriň hil ölçegleri müşderileriň göwünlerinden turýar. Bu hususy önümçilikde taýýarlanýan ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümler welaýatymyzyň çäginden daşarda hem uly islegden peýdalanýar. Tagamy, hil derejesi bilen halkymyzyň söýgüsine mynasyp bolan bäsleşige ukyply önümler özleriniň göze gelüwli bezelşi, gaplanylyş aýratynlyklary bilen hem babatlaýyn göreniň ünsüni çekýär.

— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyňy goşmak höwesi Diýarymyzyň her bir raýatynyň kalbynda, ýüreginiň töründe beslenýär. «Enaý» haryt nyşanly buzgaýmak önümleri taýýarlanýan önümçiligimiziň işçi-hünärmenleri hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyny, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşylamagy baş maksat edinýärler.

Bizde işçi-hünärmenleriň 8-si zähmet çekip, olaryň aglabasynyň ýaşlar bolmagy has hem buýsandyryjydyr. Buzgaýmak önümçiligimiziň sazlaşykly alnyp barylmagynda hasapçymyz Maýsa Mämmethojagulyýewanyň, işçilerimiz Bossan Rejepdurdyýewanyň, Begendik Narlyýewiň, Şirin Akyýewanyň, Mesdan Atamyradowyň hyzmatlaryny aýratyn belläsim gelýär.

Ajaýyp zamanamyzda hususyýetçileriň telekeçilik işiniň rowaçlanmagyna gönükdirilen özgertmeler barha giň gerim alýar. Kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýärin — diýip, önümçiligiň iş dolandyryjysy ýürek joşgunyny beýan etdi.

Biz hem «Enaýyň» her iş gününiň zähmet üstünliklerine beslenmegini, il-ýurt bähbitli işlerinde täze-täze sepgitleri arzuw edýäris.