Alymlar kofeiniň antibiotikleriň täsirine päsgel berip bilýändigini anykladylar

Adaty iýmit serişdeleri, şol sanda kofein, bakteriýalaryň antibiotiklere durnuklylygyna duýdansyz täsir edip bilýär. Bu netijä Germaniýanyň Týubingen we Würzburg uniwersitetlerinden alymlar geldiler. Gözlegiň netijeleri PLOS Biology žurnalynda çap edildi.

Iýul 24, 2025 - 10:55
Alymlar kofeiniň antibiotikleriň täsirine päsgel berip bilýändigini anykladylar

Gözlegde alymlar 94 dürli birleşmäni — antibiotiklerden başlap, iýmit düzümindäki maddalara çenli — synagdan geçirdiler. Olar dürli iýmit komponentleriniň Escherichia coli (E. coli) bakteriýasynyň genleriniň işine yzygiderli täsir edip bilýändigini anykladylar. Bu genler bakteriýa öýjüginiň içine haýsy molekulalaryň girýändigini ýa-da çykýandygyny dolandyrýan transport beloklarynyň işini düzgünleşdirýär.

Alymlar aýratyn ünsüni kofeine gönükdirdiler. Gözlegleriň netijesinde, kofeiniň E. coli bakteriýasynda Rob atly gen-regulyatoryny işjeňleşdirýändigi ýüze çykaryldy. Bu bolsa bakteriýanyň transport ulgamynda birnäçe özgerişlikleri başlaýar. Netijede, siprofloksasin ýaly antibiotikleriň siňdirilişi peselýär we olaryň täsiri gowşap başlaýar. Alymlar bu ýagdaýy anta gonistik täsir diýip atlandyrýarlar.

Gyzykly tarapy bolsa — bu täsir Salmonella enterica bakteriýasynda gözlenmedi. E. coli bilen garyndaş hasaplanýan bu bakteriýa adamda içege keselleriniň, şol sanda tif, paratif we salmonellez keseliniň döredijisi bolup durýar. Bu ýagdaý hatda meňzeş mikroorganizmleriň hem daşky täsirlere dürli reaksiýa bildirip bilýändigini görkezýär. Munuň sebäbi olaryň transport ulgamynyň aýratynlygy bilen baglanyşykly bolup biler.

“Biziň maglumatlarymyz hatda ýönekeý maddalaryň hem bakteriýa genlerine inçeden we yzygiderli täsir edip bilýändigini görkezýär” diýip, gözlegiň awtorlarynyň biri Kристоф Бинсфельд belledi.

Alymlaryň pikiriçe, bakteriýalaryň pes derejeli durnuklylygyny — ýagny genetiki mutasiýalardan däl-de, olaryň uýgunlaşma usullaryndan döreýän garşylygyny — has gowy düşünmek, ýokanç keselleri bejermekde täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin möhüm ädim bolup biler.