Mongoliýanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Awazada halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Mongoliýanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary jenap Nyam-Osor Uhralyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçirilýän üçünji halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi.
Belent mertebeli myhmanlary alyp gelen uçar Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. «Türkmenhowaýollarynyň» habar bermegine görä, Mongoliýanyň wekiliýeti türkmen halkynyň asylly myhmansöýerlik däplerine laýyklykda mähirli garşylanyldy.
Jenap Nyam-Osor Uhralyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň bu abraýly foruma gatnaşmagy, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylmagyna we deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň halkara derejede ara alnyp maslahatlaşylmagyna goşant goşar diýip garaşylýar.