San-Tome we Prinsipi Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana geldi

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti jenap Karlos Manuel Wila Nowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Bu barada «Türkmenhowaýollarynyň» web saýtynda habar berilýär.
Belent mertebeli myhmanlary alyp gelen ýörite uçaryň Türkmenbaşy Halkara howa menziline gonmagy bilen, Prezident Karlos Manuel Wila Nowa we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türkmen halkynyň gadymy myhmansöýerlik däplerine laýyklykda dabaraly we mähirli garşylanyldy.
San-Tome we Prinsipi döwletiniň Baştutanynyň bu halkara forumda gatnaşmagy, maslahatyň halkara ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle hem bu sapar, deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy giňeltmek, durnukly ösüş we ählumumy meseleler boýunça umumy çözgütleri işläp taýýarlamak üçin täze mümkinçilikleri döreder diýip garaşylýar.