Efiopiýanyň wekiliýeti Awazada geçirilýän halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi

Awg 4, 2025 - 15:56
Efiopiýanyň wekiliýeti Awazada geçirilýän halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri jenap Feýisa Alemu Simeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi.

Wekiliýeti alyp gelen uçar Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. «Türkmenhowaýollarynyň» habar bermegine görä, belent mertebeli myhman we onuň bilen bile gelen wekiliýetiň agzalary türkmen topragynda gadymy myhmansöýerlik däplerine laýyklykda mähirli garşylanyldy.

Efiopiýanyň wekiliýetiniň forumda gatnaşmagy ulag-logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, tejribe alyşmak hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ösüşine degişli möhüm meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm mümkinçilik döreder.

Şeýle-de bu gatnaşygyň Efiopiýanyň ykdysady mümkinçilikleriniň we halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine goşant goşmagyna garaşylýar.