MÖWSÜMLEÝIN KESELLERDEN GORANALYŇ!

Dek 8, 2025 - 11:41
MÖWSÜMLEÝIN KESELLERDEN GORANALYŇ!

Ýiti respirator ýokanç keseller dem alyş ýollarynyň keselleri bolup, olar çagalar arasynda has köp duş gelýär. Bu keseller riniti, faringiti, laringiti, traheit we bronhiti öz içine alýar. Ýiti respirator ýokanç keselleriň hersi aýratynlykda ýa-da biri-biri bilen utgaşyp, bilelikde ýüze çykyp biler. Kesel ýiti başlanýar we dem alyş ýollarynyň dürli bölekleriniň gyzarmasy, gyzzyrma bilen häsiýetlendirilýär.

Keseli dem alyş ýollaryna aralaşýan wiruslar we bakteriýalar döredýär. Dem alyş ýollarynyň keselleriniň yzygiderli gaýtalanmagy bedeniň allergiýasyny hem ýokarlandyryp biler.

Ulylar we çagalar ýokançlar bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýarlar. Söhbetdeşlikde, asgyranda ýa-da üsgürende näsag adamdan daş-töwerege mikroorganizmler ýaýraýar we köplenç howa-damja arkaly ýokuşýar. Çagalar biri-biri bilen ýakyn aragatnaşykda bolanda, ýokançlaryň ýaýramak mümkinçiligi has ýokarlanýar.

Ýokançlaryň ýokuşmagynyň ýene bir usuly — gap-gaçlar, gapynyň tutawaçlary, lift düwmeleri ýaly zatlara el degirmek arkaly galtaşma ýoly bilen geçýär.

Çagalarda ýiti respirator ýokanç keselleri ýylda birnäçe gezek ýüze çykyp biler. Haçan-da çagalar ýygy-ýygydan keselleseler, olaryň immun ulgamy gowşaýar, ösüşleriniň (beden we akyl taýdan) yza galmagy hem mümkin.

Ýiti respirator ýokanç keselleriň ýüze çykma ýygylygyna we agyrlygyna täsir edip bilýän töwekgelçilik faktorlary bar. Olar:

  • köp adamly ýerlerde ýygy-ýygydan bolmak;

  • bagryň, böwrekleriň we beýleki beden agzalarynyň dowamly keselleri;

  • stres, psihoemosional dartgynlyk;

  • bedeniň sowamagy;

  • immunitetiň peselmegi;

  • daşky gurşawyň amatysyz şertleri.

Bu alamatlar hemmelere tanyşdyr. Dem alyş ýollarynyň ýokançlarynyň döredýän keselleriniň köpüsinde bedeniň temperaturasy ýokarlanýar — adatça 37–38°C, käte has ýokary bolýar. Şeýle-de kelle agyry, bogunlarda we myşsalarda agyry, ýadawlyk, demiň gysmagy, derleme ýaly alamatlar ýüze çykýar. Çagalarda ynjyklyk, birahatlyk, uky bozulmagy hem bolýar.

Keseliň haýsy agzany zeperlendirýändigine görä alamatlary üýtgeýär. Rinitde adatça asgyrmak, burun akmak, dykylyşmak, ýüzüň agyrysy, gulaklaryň dykylyşmagy bolýar. Bronhitde üsgülewük, döşde agyry ýüze çykýar.

Haçan lukmana ýüz tutmaly?

Keseliň ýeňil görnüşlerinde saglyk öýünde bejergi almaly we maşgala lukmanynyň gözegçiliginde bolmaly. Emma käbir ýagdaýlarda hökman hassahana ýüz tutmak zerur bolýar. Olar:

  • çaganyň beden temperaturasynyň ýokary derejesiniň dowam etmegi;

  • ýokary temperaturanyň fonunda titreme (dirişme);

  • dem gysmagyň döremegi;

  • çaganyň köşeşip bilmeýän, üznüksiz aglamagy;

  • deriniň reňkiniň üýtgemegi.

Öň aýdylan ýaly, çagalaryň immuniteti doly emele gelmedikligi sebäpli, olaryň ýokançlara garşy durmagy kyn bolýar. Esasan hem gyş möwsüminde şeýle ýagdaýlar ýygy bolýar. Şol sebäpli çagany howa şertlerine görä geýindirmeli we bedeniň sowamagyndan goramaly.

Sagdyn immunitetiň möhüm bölegi dogry iýmitlenmekdir — ýeterlik mukdarda beloklar, witaminler, uglewodlar we beýleki peýdaly maddalar kabul edilmeli.

Keseliň bejergisi

Bejerginiň maksady:

  • ýokançlar bilen göreşmek,

  • ýüze çykýan alamatlary ýeňilleşdirmek,

  • gaýra üzülmeleriň öňüni almak.

Ýiti respirator wirus kesellerinde lukman wirusa garşy dermanlary bellär. Patogen bilen göreşmek üçin derman diňe lukman tarapyndan saýlanmalydyr.

Näsagda üsgülewük, burun akmak, dykylyşmak, bokurdakda agyry ýaly alamatlar ýüze çykanda, alamatlara garşy bejergi bellenýär.

Näsag üçin ilkinji günlerde ýatymlyk düzgün gerek. Otağı yzygiderli şemallatmaly. Suwuklygyň ýeterlik mukdary berilmeli — çalt gutulmak üçin bu möhüm.

Käwagt kesel beýleki agzalara ýaýrap, gaýra üzülmelere sebäp bolup biler — mysal üçin:

  • sinusiň gyzarmagy (sinusit),

  • orta gulagyň gyzarmagy (otit),

  • öýken sowuklamasy (pnewmoniýa).

Şonuň üçin lukmanyň gözegçiliginde doly we dogry bejergi almak maslahat berilýär.