Alymlar dyzdaky agyryny aýyrmagyň ýoluny tapdylar
Mass General Brigham merkeziniň alymlarynyň belleýşine görä: Dyz bogunynyň artrozy (osteоartriti) bolan adamlar öýde maşk edende, olaryň dyz agyrysy ep-esli azalýar. Bu ýagdaý fiziki bejeriji lukmana yzygiderli barmak bilen baglanyşykly däl — ýagny, diňe öýde maşk etmek hem peýdaly bolup biler. Barlagyň netijeleri New England Journal of Medicine (NEJM) atly ylmy žurnalda çap edildi.
Bu ylmy işde ortaça 59 ýaşly 879 adam gatnaşdy. Olar tötänleýin üç topara bölündi:
diňe öýde maşk edýänler,
öý maşklaryny adaty fizioterapiýa bilen birleşdirenler,
öý maşklaryny ýönekeý fizioterapiýa bilen birleşdirenler.
Öý maşklarynyň maksatnamasy her hepdede 4 gezek, 25 minut dowam edýän süýndürme we myşsa berkitme maşklaryndan ybarat boldy. Gatnaşanlara ýörite okuw wideolary we düşündiriş kitapçalary berildi.
Fizioterapiýa toparlaryndaky adamlar lukman bilen goşmaça duşuşdylar:
-
ilkinji aýda hepdede 2 gezek,
-
ikinji aýda hepdede 1 gezek,
-
üçünji aýda bolsa iki hepdede 1 gezek.
Barlagy alyp baran professor Jeffri Kattzyň sözlerine görä:
«Başda gatnaşyjylar dyzlarynda orta derejeli güýçli agyry bardygyny aýtdylar. Üç, alty we on iki aýdan soň bolsa olaryň agyrysy has ýeňillänini belläp geçdiler».
Netijede alymlar şeýle karara geldiler: öýde edilýän maşklar osteoartritde agyryny azaldýan täsirli hem-de amatly ýol bolup biler. Eger maşklar hünärmeniň maslahatlary bilen utgaşdyrylsa, netijesi has-da gowy bolýar.
