Ertirlik edinmezlik ýa-da giç naharlanmak süňk keseline eltýär — alymlar duýduryş berýär

Ýaponiýaly alymlar irdenlik naharyny geçmegiň we giçlik agşamlyk iýmegiň osteoporoz keseline ýol açýandygyny anykladylar. Bu netijeler olaryň Journal of the Endocrine Society (JES) ylmy žurnalynda çap eden täze gözleginde görkezilýär.

Awg 30, 2025 - 08:59
Ertirlik edinmezlik ýa-da giç naharlanmak süňk keseline eltýär — alymlar duýduryş berýär

Osteoporoz näme?

Osteoporoz — bu süňkleriň gatylygyny ýitirip, ýönekeý täsirlerde hem döwülýän ýagdaýydyr. Bu kesele köplenç ýaş ulaldygyça ýolukylýar, emma şu günki gün ýaşlarda-da ýüze çykýar.
Keseliň ýüze çykmagyna kömek edýän belli sebäpler bar, mysal üçin:

  • çilim çekmek,

  • alkogola endik bolmak,

  • az hereketli durmuş,

  • nädogry iýmitlenmek.

Emma şu wagta çenli iýmitleniş tertibiniň osteoporoza edýän täsiri doly öwrenilmändi.

Näme üçin irdenlik we agşamlyk möhümdir?

Ýapon alymlary 927 müňden gowrak uly ýaşly adamyň saglyk maglumatlaryna esaslanyp bu temany öwrenipdirler. Netijede:

  • Ertirlik naharyny geçýänleriň,

  • Giç agşamlyk iýýänleriň,

  • we şol bir wagtda ýeterlik uklamaýan, çilim çekýän, az hereket edýän adamlaryň arasynda osteoporoz we süňk döwlmeleri has köp duş gelýändigi ýüze çykaryldy.

Olar esasanam büdülik süňk, omaça, alkym süňkleri ýaly ýerlerde döwülmeleriň köp ýygylyk bilen ýüze çykýandygyny belleýärler.

Alymyň düşündirişi

Gözlegiň ýolbaşçysy, Nara Lukmançylyk Uniwersitetiniň doktory Hiroki Nakadzima şeýle diýýär:

“Biz iýmitlenme endikleriniň osteoporotik döwülmelere edýän täsirini öwrenmek isledik. Netijede, irdenlikden geçmek we giç agşamlyk etmek bilen osteoporozyň arasynda baglanyşygy anykladyk. Şeýle-de bu endikleriň köplenç ýeterlik uklama, çilim çekmek we az hereket bilen utgaşýandygyny gördük."

Alymlaryň pikiriçe, osteoporozyň öňüni almak üçin:

  • Ertirlik naharyny geçirmek bolmaz,

  • Agşamlyk iýmiti ir etmeli,

  • Uky režiminiň kadaly bolmagy,

  • Maşk  etmek, pyýada ýöremek ýaly hereketleriň bolmagy,

  • Ýaramaz endiklerden (çilim, alkogol) gaça durmak örän möhümdir.