NASA ugruny üýtgedýär: Trampyň permany bilen agentlige gözleg we howpsuzlyk wezipeleri ýüklenýär

Geçen aýyň ahyrynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy täze permana gol çekdi. Bu perman esasynda, Amerikanyň Aeronawtika we Kosmos giňişligini öwreniş milli dolandyryşy (NASA) gözleg hem-de milli howpsuzlyk funksiýalary bilen üpjün edilen guramaga öwrüler.

Sen 17, 2025 - 17:34
Sen 17, 2025 - 17:42
NASA ugruny üýtgedýär: Trampyň permany bilen agentlige gözleg we howpsuzlyk wezipeleri ýüklenýär

Resmi resminamada bellenilişine görä, indi NASA-nyň esasy wezipeleri hökmünde gözleg, garşy-gözleg işleri we döwlet howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly çäreler öňe sürülýär. Bu üýtgeşiklik agentligiň taryhynda düýpli özgerişlik bolup durýar, sebäbi NASA soňky 60 ýyldan gowrak döwrüň dowamynda esasan kosmos gözlegleri, ylmy programmalar we Ýeriň üstüni synlamak bilen meşgullanypdy.

NASA Watch portalyň esaslandyryjysy we agentligiň öňki ylmy işgäri Kit Kowing özüniň blogynda bu perman bilen baglylykda hiç hili ylym ýa-da ylmy gözleg barada agzalmandygyny nygtady. Onuň pikiriçe, bu dokument NASA-nyň öňki ylmy ugurlaryndan doly ýüz öwürýändigini görkezýär.

NASA-nyň täzeden ugruny üýtgetmek baradaky bu çözgüt, agentligiň häzirki wagtda durnuksyz ýagdaýda bolýan döwründe gelip gowuşdy. Mundan ozal Ak Tam geljek maliýe ýyly üçin agentligiň ylmy býujetine diýen ýaly iki esse azalma girizmek niýetinde bolandygyny aýdypdy. Bu bolsa birnäçe uly göwrümli kosmos taslamalarynyň doňdurylmagyna sebäp bolup biler.

Şeýle hem, bu ädim Tramp administrasiýasynyň giňişlikdäki harbylaşdyrma syýasatyna we Aý bilen Marsa gönükdirilen missiýalaryň işjeň ösdürilmegine laýyk gelýär.