NVIDIA we Oracle kompaniýalary ABŞ-da iň iri süperkompýuteri gurarlar
Ähliumumy tehnologiýa kompaniýalary NVIDIA we Oracle ABŞ-nyň Energetika ministrligi bilen bilelikde ýurduň iň uly emeli intellekt (AI) süperkompýuterini döretmek üçin hyzmatdaşlyk edýärler. Täze ulgam dürli ugurlarda — klimatologiýadan milli howpsuzlyga çenli — innowasiýalaryň tizleşmegine ýardam etmegi maksat edinýär.
Bu ulgam Solstice adyny alar we onuň düzümine rekord derejedäki 100 müň sany NVIDIA Blackwell grafiki prosessorlary (GPU) girer. Onuň “egiz” ulgamynyň ady bolsa Equinox bolup, ol hem 10 müň GPU bilen enjamlaşdyrylar. Iki ulgam hem Argonn milli laboratoriýasynda ýerleşer we NVIDIA-nyň ýokary tizlikli tor ulgamy arkaly birikdiriler. Bu ulgamlaryň jemi öndürijiligi 2 200 eksaflops-a barabar bolar we dürli emeli intellekt meselelerini çözmekde ulanylar. Şeýlelikde, bu taslama ABŞ Energetika ministrligi üçin gurlan iň kuwwatly AI infragurluşy bolar.
Argonn milli laboratoriýasynyň direktory Pol K. Kerns (Paul K. Kearns) bu barada şeýle diýdi:
“Equinox we Solstice ulgamlary emeli intellekt arkaly giň gerimli ylmy meseleleri tiz çözmek üçin döredilýär. Bu ulgam Energetika ministrliginiň öňdebaryjy synag desgalary — mysal üçin, Ösen foton çeşmesi bilen — bilelikde işläp, alymlara ýurduň iň möhüm meselelerini çözmäge mümkinçilik berer.”
Täze ulgamlaryň işe girizilmegi ylmy gözlegleriň, tehnologik ösüşleriň we döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän barlaglaryň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrar hem-de täze açyşlaryň çaltlaşmagyna ýardam berer diýlip garaşylýar.
