Nýu-Ýorkda iki uçar çakyşdy: bir adam ýaralandy

Nýu-Ýorkdaky La-Guardiýa howa menzilinde “Delta Air Lines” awiakompaniýasynyň iki sebit uçarynyň çakyşmagy netijesinde bir uçar belendi ýaralandy.

Okt 2, 2025 - 10:54
Nýu-Ýorkda iki uçar çakyşdy: bir adam ýaralandy
Nýu-Ýorkda iki uçar çakyşdy: bir adam ýaralandy

Howpsuzlyk çäreleri sebäpli howa menzilinde iki taksi ýolunyň wagtlaýyn ýapylandygy habar berildi.

Daşary ýurt metbugatyna salgylanyp “Report” agentliginiň ýazmagyna görä, bu barada howa menziliniň wekili maglumat berdi.

"Uçarlaryň biriniň sag ganaty beýlekiniň burun bölegi bilen çakyşdy" diýip, ol aýtdy.

Waka boýunça derňew işleri başladyldy. Bu işe ABŞ-nyň raýat awiasiýasy boýunça Federal dolandyryş edarasy (FAA) hem-de Ulag howpsuzlygy boýunça Milli geňeş (NTSB) gatnaşýar.