Lionel Messi «Inter Maýami» bilen şertnamasyny 2028-nji ýyla çenli uzaltdy

Okt 24, 2025 - 13:54
Lionel Messi «Inter Maýami» bilen şertnamasyny 2028-nji ýyla çenli uzaltdy

Amerikanyň professional futbol ligasynyň (MLS) wekili bolan «Inter Maýami» toparynyň hüjümçisi, dünýäniň iň meşhur futbolçylarynyň biri Lionel Messi topar bilen täze şertnama baglaşdy.

Toparyň metbugat gullugynyň habaryna görä, 38 ýaşly argentinaly futbolçy bilen şertnama 2028-nji ýyla çenli dowam eder.

Messi «Inter Maýami» toparynda 2023-nji ýylyň iýul aýyndan bäri çykyş edýär. Şol döwürden bäri ol diňe bir toparynyň däl, eýsem, tutuş amerikan futbolynyň hem meşhurlygyny ýokarlandyrmaga uly goşant goşdy.

Dünýä çempiony we sekiz gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi bolan Messi ozal «Barselona» hem-de «PSŽ» toparlarynda çykyş edipdi. Onuň «Inter Maýami» bilen şertnamasyny uzaltmagy toparyň üstünlikli ösüş ýoluny dowam etdirýändigini görkezýär.