POCO F7 resmi taýdan tanyşdyryldy: güýç, stil we oýun üçin niýetlenen enjam

POCO F7 — oýun we awtonomiýa (batareýa dowamlylygy) ugrunda aýratynlyk görkezýän güýçli, stili bilen tapawutlanýan hem-de çydamly smartfon bolup, has gymmat bahaly modeller bilen bäsleşmäge ukyplydyr.

Iýun 26, 2025 - 16:54
POCO F7 resmi taýdan tanyşdyryldy: güýç, stil we oýun üçin niýetlenen enjam

POCO kompaniýasy resmi taýdan täze aralyk segmentli smartfony F7-i tanyşdyrdy — ol flagman derejeli öndürijilik bilen enjamlaşdyrylan. Enjamda Snapdragon 8s Gen 4 çipi, Hindistan wersiýasy üçin 7550 mA·sagatly uly batareýa, IP68 goragy, POCO-nyň taryhyndaky iň gowy sowadyjy ulgam hem-de ýarym aýna arka örtügine eýe Cyber Silver Edition aýratyn wersiýasy bar.

POCO F7-niň esasy aýratynlyklary:

  • Ekran: 6,83 AMOLED, 120 Gs, 3200 nit, Dolby Vision, HDR10+

  • Prosesor: Snapdragon 8s Gen 4 (3,2 GHz), Adreno 825

  • Ýatlaýyş we saklaýyş: 12 GB RAM + 256 / 512 GB UFS 4.1

  • Kamera: esasy 50 + 8 MP, öňki 20 MP

  • Batareýa: 6500–7550 mA·sagatly, 90 W tizlikde zarýad almak

  • Işläp çykarýan ulgam: HyperOS 2 (Android 15)

  • Goşmaça: IP68 goragy, Wi-Fi 7, ekranyň aşagynda skaner, agramy 215 g

IceLoop ulgamy (6000 mm²) ýokary derejeli sowadylyşy üpjün edýär, WildBoost 4.0 tehnologiýasy bolsa Genshin Impact we beýleki oýunlarda durnukly 120 FPS üpjün edýär.

Baha we satuwa başlanylyş senesi:

  • 12/256 GB wersiýasy — $399 (~31,300 rubl)

  • 12/512 GB wersiýasy — $449 (~35,200 rubl)

  • Satuwa başlanyşy — 2025-nji ýylyň 1-nji iýuly

Taýýarlyk dabarasynda POCO kompaniýasy tehnologiýa ösüşiniň nyşany hökmünde hyzmat etjek wirtual maskot Rydr-i hem tanyşdyrdy.