Taryhy ädim: kwant kompýuteri ilkinji gezek Ýeriň orbitasyna çykaryldy
Dünýä, kwant tehnologiýalarynyň ylmyň hem-de gündelik ýaşaýşyň aýrylmaz bölegine öwrülýän täze döwürüne gadam basýar.

2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda adamzat geljege tarap nobatdaky ädimini ätdi — taryhda ilkinji gezek kwant kompýuteri Ýeriň orbitasyna çykaryldy. Bu enjam, SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasy arkaly amala aşyrylan Transporter 14 missiýasynyň bir bölegi boldy. Bu barada Interesting Engineering habar berýär.
Ayakgap gutysynyň ölçegindäki bu kwant kompýuteri, alymlar Saimon Ştýaner, Aýris Agresti we Filipp Walteriň ýolbaşçylygynda işlenilip düzüldi we bary-ýogy 11 günde ýygnaldy. Ol hemra ýerleşdirilip, radiasiýanyň täsirinde kubitleriň işini barlamak üçin döredildi.
Synagyň maksady:
Bu synagyň maksady — kosmos şertlerinde kwant hasaplamalarynyň durnuklylygyny barlamak.
Adaty prosessorlardan tapawutlylykda, kwant çipleri bir wagtda birnäçe ýagdaýy işläp biler, bu bolsa olary orbital maglumatlary işlemekde örän geljegi uly edýär.
Üstünlik gazanylsa, kwant tehnologiýasynyň giňden ulanylmagy mümkin:
-
Häzirki wagtdaky geçýän maglumatlaryň şifrlenmeginde,
-
Hemralaryň aetomatiki ugrukdyrylmagynda,
-
Kosmos hadysalarynyň gözegçiligi we analizinde.
Bilermenleriň pikiriçe, kwant kompýuteriniň kosmosa çykarylmagy — bu ugurda möhüm ädimdir. Bu, kwant hasaplamalaryny geljekde hemra tehnologiýasynyň we planeta-ara aragatnaşyk enjamlarynyň adaty bir bölegine öwürmegiň ilkinji ädimidir.
Geljekki birnäçe ýylyň dowamynda kosmosda täze kwant synaglary — has güýçli prosessorlar we köp maksatly platformalar bilen dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär.