Rabab Fatima: «Türkmenistan BMG-niň maslahatyny geçirmek üçin üýtgewsiz ygrarlylyk görkezýär»

Awg 4, 2025 - 11:31
Rabab Fatima: «Türkmenistan BMG-niň maslahatyny geçirmek üçin üýtgewsiz ygrarlylyk görkezýär»

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň başlanmagyna bagyşlanan baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi. Bu çäre ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda guraldy.

Dabarada çykyş eden Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, şol bir wagtda maslahatyň Baş sekretary Rabab Fatima Türkmenistanyň bu forumy geçirmegine döredýän mümkinçilikleriniň we görkezýän ygrarlylygynyň aýratyn ähmiýetlidigini nygtady. Ol baýdak galdyrmak dabarasyna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny belläp geçdi.

BMG-niň wekili şeýle-de «X» (ozalky Twitter) sosial ulgamyndaky ýüzlenmesinde:
«Ajaýyp ýolbaşçylygy, üýtgewsiz ygrarlylygy we sahy myhmansöýerligi üçin Türkmenistanyň Hökümetine çuňňur minnetdarlyk bildirýärin» diýip belledi.

Çäräniň dowamynda çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bolsa, bu maslahatyň ýurdumyzda geçirilmeginiň diňe bir abraýly halkara wakalaryň biri bolman, eýsem Türkmenistanyň BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryna hem-de ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň beýanydygyny aýtdy.

Maslahatyň Baş sekretary Rabab Fatima sosial ulgamdaky beýanlarynda foruma gatnaşýan ýurtlaryň we hyzmatdaşlaryň bilelikde edýän tagallalarynyň aýratyn ähmiýetini belläp, deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ösüşinde şeýle hyzmatdaşlygyň aýrylmaz orun eýeleýändigini nygtady.