Ugandanyň Premýer-ministri Robina Nabbanja Türkmenistana geldi

Ugandanyň Premýer-ministri Robina Nabbanja BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Belent mertebeli myhman Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow tarapyndan garşylanyldy. Bu barada Halkara habarlar merkezi maglumat berýär.
Forumyň dowamynda Premýer-ministriň Ugandanyň Prezidenti Ýoweri Museweniniň halkara maslahatyna ýörite ýollan ýüzlenmesini okamagyna garaşylýar.
Ýeri gelende bellesek, Uganda — Gündogar Afrikada ýerleşýän we deňze çykalgasy bolmadyk ýurt bolup, onuň ilaty 50 milliondan geçýär. Ajaýyp daglyk tebigaty we baý biologik köpdürlüligi bilen tanalýan bu ýurt köplenç “Afrikanyň göwheri” diýip atlandyrylýar.
Premýer-ministr Nabbanjanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän bu abraýly foruma gatnaşmagy, Ugandanyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, ykdysady ösüşini täze derejä çykarmaga hem-de dünýä ykdysady ulgamyna has güýçli goşulyşmagyna itergi berer diýip garaşylýar.