TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 709 müň dollaryndan gowrak boldy

Awg 4, 2025 - 10:46
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 709 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy. Bu barada TDH-da habar berildi.

Daşary ýurt puluna Özbegistanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gazbeton bloklaryny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçilerine nah ýüplük, pagta lintini, jinsi önümleriniň giň görnüşleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 709 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 6 million 318 müň manatlyk polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem nah ýüplügi we tüýjümek önümleri satyn aldylar.