Redmi Watch 6 — Täze döwrebap sagatlar bir aýlap zarýadsyz işläp bilýär
Xiaomi kompaniýasynyň prezidenti Lu Weýbing täze Redmi Watch 6 akylly sagatlaryny tanyşdyrdy. Täze enjamyň resmi satuwa çykarylmagy 23-nji oktýabrda meýilleşdirilýär.
Täze model doly täzelenen dizaýny, inçe korpusy we diňe 2 millimetr galyňlygyndaky çarçuwasy bilen tapawutlanýar. Sagadyň ekrany doly reňkli görnüşdedir we Always On Display (elmydama açyk ekran) funksiýasyny goldaýar. Alýumin çarçuwanyň ulanylmagy sagady has ýeňil we oňat görnüşli edýär.
Redmi Watch 6-nyň iň uly aýratynlyklarynyň biri onuň uzak wagtda zarýadsyz işläp bilmegidir — täze sagatlar 24 güne çenli üznüksiz işleýär. Bu bolsa ulanyjylara gündelik zarýad aladasyny doly unutmaga mümkinçilik berýär.
Täze sagatlar Xiaomi-niň täze operasiýa ulgamy bolan HyperOS 3 bilen işleýär. Şeýlelikde, enjam diňe daşky görnüşi bilen däl, eýsem ulgam taýdan hem täze mümkinçilikleri hödürleýär.
Täze Redmi Watch 6 barada goşmaça maglumatlar resmi satuw başlanmazdan ozal mälim ediler.
