Robotlaryň Olimpiadasy: türkmen okuwçylary Panamada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşarlar

Okt 27, 2025 - 19:40
Robotlaryň Olimpiadasy: türkmen okuwçylary Panamada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşarlar

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryndan düzülen topar robot tehnologiýasy boýunça Panama Respublikasynda geçiriljek «First Global Challenge 2025» atly halkara bäsleşigine gatnaşar. «Robotlaryň Olimpiadasy» diýlip hem atlandyrylýan bu bäsleşik şu ýylyň 29-njy oktýabry — 1-nji noýabry aralygynda geçiriler. Oňa 190 döwletiň ýaşlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.  

Halkara bäsleşige gatnaşjak topar Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylaryndan ybarat bolar. Türkmen toparynyň ady — «Oguzrobot». Ony Ysmaýyl Çaryýew, Emirhan Gylyçmuhammedow, Aznawur Çolukow, Şirmuhammet Gulow, Gurbangeldi Orazgeldiýew ýaly zehinli ýaşlarymyz düzýär. Topara tejribeli mugallym Myrat Sähetgulyýew ýolbaşçylyk edýär.  

Okuwçylar soňky birnäçe aýyň dowamynda «Kämil bilim» okuw merkezinde bu halkara ýaryşa doly taýýarlyk gördüler. Oguz hanyň zehinli nesilleri robotlaryň dizaýnyny taýýarlamagyň, programma üpjünçiligini ýazmagyň we olary synagdan geçirmegiň dürli tapgyrlaryny alyp bardylar.

— Okuwçylarymyzyň bäsleşige taýýarlyk derejesi ýokary. Biz olardan gowy netijelere garaşýarys. Şeýle uly bäsleşige gatnaşmak, ilkinji nobatda, ýaşlarymyzyň halkara tejribesini artdyrýar, olaryň döredijilik we inženerçilik ukyplaryny kämilleşdirýär – diýip, toparyň ýolbaşçysy Myrat mugallym gürrüň berdi.  

«First Global Challenge» – Olimpiýa oýunlary görnüşinde guralýan robot tehnologiýasy boýunça halkara bäsleşik. Ol bu gezek ekoulgamyň deňagramlylygyna bagyşlanyp, dünýäniň ýaşlaryna daşky gurşawy goramak boýunça täze çözgütleri hödürlemegi maksat edinýär.