Talyplar türkmen manadynyň dolanyşyga girizilen gününe bagyşlanjak ykdysadyýet olimpiadasyna çagyrylýar
Türkmen döwlet maliýe instituty ýurdumyzyň milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli ykdysadyýet boýunça VII Olimpiadanyň geçirilýändigini yglan edýär.
Olimpiada gatnaşmaga ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar. Oňa her ýokary okuw mekdepden 4 talyp gatnaşyp biler. Bäsleşik 28-nji oktýabrda sagat 15:00-da onlaýn tertipde geçiriler.
Olimpiada gatnaşyjylar ykdysadyýetiň nazaryýeti, makroykdysadyýet we pul-karz ulgamy boýunça 50 synag sowalyna jogap bermeli bolarlar. Her dogry jogap üçin 2 ball berler, iň ýokary netije bolsa 100 balldan ybarat bolar. Ýeňijiler şahsy we toparlaýyn görkezijiler boýunça kesgitlenip, I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanylar.
Bu olimpiada her ýyl Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan 1-nji noýabrda bellenilýän milli manadymyzyň dolanyşyga girizilen güni mynasybetli geçirilýär. Çäräniň maksady talyplaryň teoretiki bilimini pugtalandyrmak, hünär başarnyklaryny ösdürmek, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we tejribe alyşmak bolup durýar.
Olimpiada gatnaşmak üçin arzalar 25-nji oktýabra çenli guramaçylyk komitetiniň elektron poçtasyna iberilmeli: info@tdmai.edu.tm.
Goşmaça maglumatlar üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: +99365651244; +99363249950
