Türgenlerimiz abraýly sport baýramynda: Türkmenistan GDA-nyň III oýunlaryna gatnaşýar
28-nji sentýabrda Azerbaýjanyň Genje şäherindäki stadionda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) III oýunlarynyň resmi açylyşy boldy.
GDA agza ýurtlaryň III oýunlary 8-nji oktýabra çenli dowam edip, gyzykly ýaryşlar Azerbaýjanyň Genje, Ýewlah, Mingäçewir, Gabala, Şeki, Göýgöl we Hankendi şäherlerinde ýerleşýän 12 sport toplumynda ýaýbaňlandyrylar.
Ajaýyp sport baýramyna Türkmenistanyň ýygyndysy hem gatnaşyp, milli topara sportuň dürli ugurlary boýunça bäsleşjek 50-ä golaý türgen wekilçilik edýär. Türkmen türgenleri sportuň göreş, dzýudo, sambo, suwda ýüzmek, gimnastika hem-de toparlaýyn we beýleki görnüşleri boýunça bäsleşerler.
Oýunlara Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmagy türkmen sportunyň ösüşinde möhüm ädim bolup, ýurduň halkara sport hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny tassyklaýar. Munuň özi türkmen türgenleriniň ýokary derejedäki taýýarlygyny görkezmeginde, halkara sport gatnaşyklaryny berkitmekde we täze üstünlikleri gazanmakda möhüm mümkinçilik bolar.
GDA ýurtlarynyň III oýunlaryna 13 ýurtdan 1620-den gowrak türgen gatnaşýar. Onuň maksatnamasyna sportuň 23 görnüşi boýunça bäsleşikler girýär. Türgenler medallar toplumynyň 246-sy ugrunda dartgynyly bäsleşiklere goşularlar. Oýunlaryň maksady sporty ösdürmekden, ýurtlaryň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekden we ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekden ybaratdyr.
Biz ildeşlerimiziň bu ajaýyp sport baýramyndaky netijelerini hem okyjylarymyz bilen yzygiderli paýlaşarys.
