Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly talyplyga kabul edýär

Iýul 13, 2025 - 16:22
Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly talyplyga kabul edýär

SAÇLY DURSUNOWA ADYNDAKY ARKADAG ŞÄHER LUKMANÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI 

2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
Býujet esasynda:
1. Şepagatçylyk işi.
2. Laboratoriýa anyklaýyş işi.
3. Bejeriş işi.
4. Saglygy goraýyş-öňüni alyş işi.
5. Farmasiýa.
 Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine Arkadag şäherinde we Ahal welaýatynda hemişelik ýaşaýan, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlaray Arkadag şäherinde (Arkadag şäheri we Ahal welaýaty boýunça) 2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
 Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.
 Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde (Arkadag ş.) 2025-nji ýylyň iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 2-3-i we 5-i günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
 Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomik edaranyň işi bilen tanyşdyrylar.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Saçly Dursunowa adyndaky
Arkadag şäher lukmançylyk orta
hünär okuw mekdebiniň salgysy:
Arkadag şäheri,
Arkadag şaýoly, 22,
tel.: 57-20-21, 57-20-22.