Türkmenistanyň Serhet institutyna 2026/2027-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň TERTIBI
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýäris.
Serhet institutynda okuwyň möhleti 5 ýyl. Okuw döwründe institutyň harby talyplary doly döwlet üpjünçiliginde bolup, olar iýmit, harby eginbaş, talyp haky we umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana) bilen üpjün edilýär.
Serhet institutyna dalaşgärleri seçip almak we resminamalary kabul etmek işleri 2026-njy ýylyň 31-nji martyna çenli geçirilýär. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri şu aşakda görkezilen tertibe laýyklykda kesgitlenilýär:
— orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin ýagdaýda girmäge isleg bildirip arza ýazan raýatlaryň 24 ýaşy dolýança;
— Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan raýatlar, çagyryş boýunça harby gullugy geçmezden, 25 ýaşy dolýança;
— borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar 25 ýaşy dolýança.
Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar. Instituta dalaşgärler şu aşakda görkezilen resminamalary doly we anyk taýýarlamaly:
— dalaşgäriň rektoryň adyna ýazan arzasy (habarnamasy). Arzada dalaşgäriň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi we ýeri, bilimi, okan (okaýan) ýeri, gulluk edýän, işleýän ýeri we wezipesi, harby ady,
hemişelik ýaşaýan ýeriniň salgysy, okuwa kabul edilmegi barada haýyşy, ýurduň islendik künjeginde gulluk etjekdigi barada görkezilmeli;
— şahsy maglumaty we terjimehaly;
— ýaşaýan ýeri we maşgala agzalary barada güwänama;
— ata-enesiniň işleýän ýerinden berlen güwänama (eger işlemeýän bolsalar, işlemeýändigi barada güwänama);
— eger dalaşgäriň ejesi ýa-da kakasy aradan çykan bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň ýada aýrylyşan bolsalar RÝNÝ bölümi tarapyndan berlen resminamanyň nusgasy;
— dalaşgäriň soňky okan, işlän ýada gulluk eden ýerinden berlen häsiýetnamanyň asyl nusgasy;
— Serhet institutynda okamaga ýaramlydygy barada saglyk güwänamasy;
— pasportynyň göçürmesi (egerde dalaşgär raýatlyk pasportyny almadyk bolsa, Içeri işler bölüminden pasportyň resmileşdirilmändigi barada güwänama);
— harby şahadatnamasynyň göçürmesi;
— eger işleýän bolsa, edaranyň işgärler bölümi tarapyndan gol we möhür bilen tassyklanan zähmet depderçesiniň göçürmesi;
— orta bilim, başlangyç hünär ýada orta hünär bilimi barada resminamanyň asyl nusgasy;
— 1 sany 9х12 ölçegde, 9 sany 3х4 ölçegde başgapsyz düşülen fotosuratlary.
Çagyryş ýa-da borçnama boýunça harby gullugy geçýän dalaşgärler fotosurata harby lybasda düşmeli. Dalaşgärler nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin şahsy jogapkärçilik çekýärler. Raýat dalaşgärler giriş synaglaryny tabşyrmaga gelenlerinde, öz ýany
bilen, pasportyny, çagyryş boýunça harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, çagyryş we borçnama boýunça harby gullukçylar harby şahadatnamasyny getirmeli. Serhet institutyna okamaga isleg bildiren dalaşgärler Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda türkmen dili, Türkmenistanyň taryhy, matematika boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça synaglary tabşyrmaly. Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär. Okuwa isleg bildirenler resminamalaryny tabşyrmak üçin ýaşaýan ýerlerine golaý Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli harby bölümlere ýüz tutmaly. Dalaşgärler giriş synaglarynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda, seçip alyş iş toparynyň geňeşiniň çözgüdine laýyklykda okuwa kabul edilýär.
