SÄHRA GÖWENEGI — TEBIGATYŇ ÝAŞAÝAN GYMMATLYGY
Amyderýa jülgesi Türkmenistanyň iň gadymy we iň baý tebigy zolaklarynyň biridir. Bu jülgäniň çuňňur dereleri, gür şiweleri, ýylboýy ýaşyllygy saklaýan tokaýlyklary dürli haýwanlaryň ýaşamak, höwürtge gurmak we nesil dowam etmekleri üçin iň amatly ýerleriň hataryna girýär. Şeýle tekiz we gyzgyn meýdanlar bilen utgaşýan derýa jülgeleri dürli guşlaryň aýratyn hem-de täsin görnüşlerini saklap galmagy üçin tebigatyň özboluşly mesgenine öwrülýär.
Şol täsin ýaşaýşy saklaýan janly-jandarlaryň biri hem Amyderýa jülgesinde ýygy duşýan — laçyn şekilliler maşgalasyna degişli sähra göwenegidir.
Sähra göwenegi kepderiden ownuk guş bolup, bedeni 27–33 santimetr töweregi, ganat gerimi bolsa 22,3–25 santimetre ýetýär. Görnüşiniň täsin reňk sazlaşygy ony tebigatda hem tapawutlandyrýar:
-
başynyň we guýrugynyň üsti gögümtil,
-
arkasy açyk-çypar,
-
guýrugynyň aşagy açyk reňkli we ujunda gara zolagy bar.
Bu guşuň häsiýetli aýratynlygy — dürli tebigy şertlere çalt uýgunlaşyp bilmegidir. Amyderýa jülgeleri hem onuň üçin iň amatly ýaşaýyş zolaklarynyň biri hasaplanýar. Jülgäniň gyzgyn howasy, dürli mör-möjekleriň köpdügi, tokly-tokaýly ýerleriniň bolmagy göwenegiň ýaşamagy üçin oňaýly şert döredýär.
Sähra göwenegi ýurdumyzyň birnäçe sebitlerinde duşsa-da, Amyderýa jülgesi bu guşuň ýaşamak we höwürtge gurmak üçin iň amatly ýerleriniň biridir. Derýanyň boýundaky dik gaýalar, gür agaçlar we peslikler onuň howpsuz höwürtge gurmagyna mümkinçilik berýär.
Her ýylyň ýaz paslynda göwenekler jülgäniň gaýaly ýerleriniň ýokarky böleklerinde höwürtge gurýarlar. Bar bolan maglumatlara görä, Amyderýa jülgesinde ýylsaýyn birnäçe höwürtge hasaba alynýar. Bu ýerlerde mör-möjekleriň köpdügi göwenegiň esasy iýmit çeşmesini emele getirýär.
Göwenegiň tebigatdaky roly örän uludyr. Ol mör-möjekler bilen iýmitlenýändigi üçin, jülgedäki ekoulgamda olaryň sanyny kadalaşdyrmaga kömek edýär. Has takygy, göwenek bir günde öz göwresiniň dörtden bir bölegi derejede iýmit sarp edýär. Bu bolsa tebigatda deňagramlylygyň saklanmagyna uly täsir edýär.
Sähra göwenegi diňe bir Amyderýa jülgesiniň däl, ähli ýurdumyz boýunça tebigatyň gymmatly görnüşleriniň biri hökmünde halkara derejesinde hem gorag astyndadyr. Ol:
-
Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň (IUCN) Gyzyl sanawyna,
-
Haýwanlaryň nesli ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwda düzgünnamasy bolan Konwensiýanyň sanawyna (CITES) girizilendir.
Amyderýa jülgeleri diňe bir geologik ýa-da geografik aýratynlyk bolman, eýsem tebigy ýaşaýşyň sazlaşykly dowam edýän iri mekanydyr. Şol mekanda ýaşap, neslini dowam edýän sähra göwenegi hem bu jülgäniň baýdyr we özboluşly ekoulgamynyň aýrylmaz bölegidir.
Tebigaty goramak, jülgäniň tebigy gözelligini saklamak we onuň ýaşaýandygyny geljek nesiller üçin gorap galmak — biziň her birimiziň borjumyzdyr.
