Günüň hereketli sebitinden çykýan energiýa ýere ýetip biler
RKA-nyň Kosmos barlaglary institutynyň (IKI RAN) Gün astrofizikasi laboratoriýasy habar bermegine görä, Günüň tersi tarapynda ýerleşen we iň ýokary derejeli ýalynlanmalary ( вспышки ) döreden hereketli sebiti ýere tarap öwrülýär.
«4246-njy hereketli sebit — oktýabryň ortalarynda Günüň işjeňligini diýen ýaly 10 esse artdyran, soňra bolsa Günüň tersi tarapyndan birnäçe X derejeli ýalynlanma döreden sebit — iki hepdeden soň ýene-de Ýere tarap dolanýar. Ertir bu sebitiň Günüň gyrasyndan doly çykmagy bilen onuň Gün tegmilleri hem görünip başlar. Üç-dört günden bolsa şol ýerde dörän maddalar we energiýa Ýere çenli ýetip başlap biler» diýip, IKI RAN-nyň habarynda aýdylýar.
Habarda bellenilişine görä, häzirki wagtda Günüň diskiniň gyrasynda diňe 100–200 müň kilometr belentlige ýetýän magnit halkalarynyň ýokarky bölekleri görünýär. Şonuň bilen birlikde, Laboratoriýa bu alamatlaryň peýda bolmagy bilen Günüň ýalynlanma radiasiýasynyň artmagyna garaşylýandygyny hem nygtaýar.
Ylymlaryň çaklamalaryna görä, Ýere tarap öwrülýän bu Günüň bölegi energiýanyň artykmaçlylygy sebäpli “dolup-daşýar”. Laboratoriýanyň maglumatlaryna görä, 30-njy oktýabrda ýyldyzynyň tersi tarapyndan (Ýerden görünmeýän ýerinden) eýýäm uly maddalaryň zyňylmalary hasaba alyndy.
