SKYWORTH dünýäniň iň uly TV brendleriniň hataryna goşuldy

Iýul 28, 2025 - 08:52
SKYWORTH dünýäniň iň uly TV brendleriniň hataryna goşuldy

Taryhda ilkinji gezek Hytaýyň «SKYWORTH» kompaniýasy Ýaponiýanyň dünýä belli «Sony» kompaniýasyndan telewizor önümçiliginden girdeji gazanmak babatda öňe geçip, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy 5 brendiniň hataryna girdi.

«Omdia» gözleg kompaniýasynyň habar bermegine görä, «SKYWORTH» şu ýylyň başyndan bäri 50 milliondan gowrak telewizor satdy. Kompaniýanyň müşderileriniň köp böleginiň Aziýa ýurtlaryna degişli bolmagy aýratyn bellärliklidir.

Bilermenler brendiň çalt ösüşiniň sebäbini kompaniýanyň öndürýän telewizorlarynda:

  • emeli aň funksionallygynyň,

  • şeýle-de «Mini LED» tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

Soňky ýyllarda Hytaýyň «SKYWORTH», «Hisense» we «TCL» ýaly brendleri, dünýäniň bu ugurda öňdebaryjy kompaniýalary bolan «Sony», «Samsung» we «Philips» bilen bäsdeşligini güýçlendirýärler.