Iň gymmat hususy kompaniýa bolar

Ilon Mask «SpaceX» kompaniýasynyň paýnamalaryny satmak boýunça gepleşiklere başlady. Bilermenleriň pikiriçe, eger-de bu geleşik üstünlikli amala aşyrylsa, kompaniýanyň bahasy 400 milliard amerikan dollaryna deň bolar. Netijede, «SpaceX» dünýäniň iň gymmat hususy kärhanasy bolar.
«Bloomberg» neşiriniň habar bermegine görä, paýnamalaryň biriniň bahasy 212 amerikan dollaryna deň bolar.
Mundan öňki habarlarda «SpaceX» kompaniýasynyň Ilon Maskyň emeli aň startapy bolan «xAI» tarapyndan döredilýän «Grok» çat-botyny ösdürmek üçin 2 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýandygy aýdylýardy.
Geçen hepdäniň ahyrynda «SpaceX» kompaniýasynyň resmi web sahypasy täzelendi. Indi bu sahypa girýän ulanyjylar üçin ýakyn wagtda amala aşyryljak kosmos uçuşlary barada maglumatlar elýeterli bolar.
Ýeri gelende bellesek, maý aýynyň başynda Ilon Maskyň «Starbase» kosmodromyna şäher derejesi berildi. Häzirki wagtda täze döredilen bu şäheriň ýaşaýjylarynyň aglaba bölegi «SpaceX» kompaniýasynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalaryndan ybaratdyr.