Somali Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Awg 5, 2025 - 10:58
Somali Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Surat: mfa.gov.tm

4-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Somali Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Isaak Mohamud Mursalyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary işjeň ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Somali tarapy Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny goldaýandygyny we ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidi üçin konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň halklaryň arasyndaky parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek ýaly ýokary ideallara iş ýüzünde ygrarlylygyny tassyklaýandygy nygtaldy.

Somali Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) aýratyn ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Hökümetiniň çäräni geçirmekdäki tagallalaryna ýokary baha berdi.