Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça BMG-niň üçünji halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi.
Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. Milli Liderimiz BMG-niň Baş sekretaryny mübärekläp, ony türkmen topragynda görýändigine begenýändigini aýtdy.
Öz gezeginde, Antoniu Guterriş bu halkara forumyň — tutuş adamzadyň bähbitlerine degişli möhüm meseleleriň maslahatlaşylýan giňişliginiň — Türkmenistanda geçirilmeginiň hem-de oňa gatnaşmagynyň özi üçin uly mertebedigini nygtady.
«Watan» habarlar gepleşiginiň bellemegine görä, BMG-niň Baş sekretary forumy geçirmäge döredilen mümkinçilikler hem-de berilýän giň goldaw üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdi.
Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän bu halkara forumda dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlary boýunça meseleler gün tertibine çykarylar. Şeýle hem, bu ugurda bar bolan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ýol-ýörelgeleri kesgitlener.