Suwuň saglyga peýdasy
Suwuň saglyga peýdasy

Adamyň ýaşaýşy we sagdynlygy üçin suwuň örän uly peýdasy bardyr. Arassa suw adamlar, jandarlar hem-de ösümlikler üçin zerurdyr. Şonuň üçin hem suwy ýaşaýşyň çeşmesine deňeýärler. Suw iýmitiň özleşmegine ýardam berýär, aşgazan ulgamynda bolup geçýän himiki özgerişlere gatnaşýar we bedeniň gyzgynlygyna täsir edýär.
Ylymda suw bilen baglanyşykly ençeme işler edildi, onuň düzümi we peýdasy barada alymlar köp maglumat berdiler. Durmuşda suw içmegi endik etmek zerurdyr. Iň esasy bolsa, käte biz ajygan mahalymyzda hem suw içmegi ýola goýmaly. Suw agşamlyk naharyny agyr iýmekden halas edýär, çünki suw adamyny dok halda saklamaga ukyplydyr.
Suw adamynyň derisini çyglandyrýar we bedeniň tebigy süzüjisi bolan böwrekleriň has netijeli işlemegi üçin zerurdyr. Suwy kadaly ýa-da oýlanyşykly içilende, bedenden gerekmejek galyndylary ýa-da zäherli maddalary çykarmak bolýar. Suw bogunlaryň tebigy çalgysydyr, çünki ol bolmasa, bedende damarlaryň çekmegine we agyrynyň ýüze çykmagyna ýol açýar. Suwuň düzümine adama zerur bolan kalsiý, magniý, natriý, kaliý ýaly maddalar girýär. Şonuň üçin suw ýürek myşsalarynyň işjeňligini, nerw geçirijiligini artdyrýar. Kalsiý süňkleri we dişleri berkidýär, magniý bolsa myşsalaryň we nerw dartgynlygynyň gowşamagyna ýardam edýär. Elbetde, mineral suw bu maddalara baýdyr.
Lukmanlaryň maslahat bermegine görä, adam her gün iki ýa-da üç litr suw içmeli. Yssy howaly günlerde gaýnadylyp sowadylan suw içmek maslahat berilýär, çünki gaýnag suw bedende madda alyş-çalşygy güýçlendirýär. Bularyň hemmesi adam saglygyna suwuň peýdalydygyny aýdyň görkezýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürmek esasy ugurlaryň biridir. Bu asylly ýörelgeleri ýöretmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şonuň üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sport bilen meşgullanmagy, kadaly iýmitlenmegi, gaýnadylyp sowan suwy içmegi endik edinmelidiris.