Bedenterbiýe bilen süýji keselden tebigy goranma
Stokgolmdaky Karolinska Instituty (Şwesiýa) alymlary bedenterbiýäniň insulin öndürýän aşgazanyň β-öýjüklerini goraýandygyny anykladylar. Bu täsir “ekzosoma” diýilýän ownuk öýjükjikleri – daşky wezikulalary arkaly amala aşýar. Iň täze barlagyň netijeleri Karolinska Institutet-niň resmi saýtynda çap edildi.
Daşky wezikulalar (ekzosomalar) – dürli dokumalardaky öýjükleriň daşky gurşawa goýberýän örän ownuk köpürjigidir. Olar gan plazmasynda, peşewde, tüýkülikde we ene süýdünde hem tapylyp bilinýär. Esasy biologiki wezipesi – öýjükleriň arasynda maglumat geçirmekdir.
Barlagda sagdyn meýletinçiler gatnaşyp, dowamly aerobik türgenleşikleri we ýokary intensiwlikli aralyk türgenleşikleri ýerine ýetirdiler. Netijede, iki görnüşdäki maşklaryň hem “ekzosomal aragatnaşyk ulgamyny” işjeňleşdirýändigi — ýagny bedeniň diňe bir bölegine däl, eýsem tutuş organizme täsir ýetirýändigi anyklandy.
Bu wezikulalaryň esasy elementi mikroRNK-124 bolup çykdy. MikroRNK öýjükleriň gen işjeňligini kadalaşdyrýan molekulalardyr. MikroRNK-124 öýjükleriň endoplazmatik retikulumda döreýän stresine garşy durmagyna kömek edýär. Endoplazmatik retikulum — öýjükleriň beloklary emele getirýän we gaýtadan işleýän bölegidir. Eger ol aşa işlenip başlasa, öýjükler zaýalanýar, emma mikro RNK-124 bu stresi azaldyp, β-öýjükleri goraýar.
Alymlar pikir edýärler, mikroRNK-124 fiziki işjeňligiň öýjükleri süýji keselinden (diabedden) goramakdaky esasy baglanyşygydyr. Ganndaky onuň derejesini ölçemek arkaly türgenleşigiň organizme täsiriniň netijeliligini kesgitlemek mümkin bolar.
Gelejekde alymlar mikroRNK-124 emeli analoglaryny ýa-da ýörite taýýarlanan ekzosomalary döretmegi meýilleşdirýärler. Şol gurluşlar fiziki maşklaryň täsirini gaýtalap biler. Bu bolsa hereket mümkinçilikleri çäkli ýa-da saglyk ýagdaýy sebäpli sport bilen meşgullanyp bilmeýän süýji keselli näsaglar üçin peýdaly bolup biler.
