T-Satelite hemra aragatnaşyk hyzmaty “Google Kartalary”, WhatsApp we X-i goldamaga başlady

T-Satelite ulanyjylaryna indi täze programmalar elýeterli boldy, şol sanda “Google Kartalary”. Bu programmalar doly aragatnaşyk bolmadyk ýerlerde hem işleýär.

Okt 3, 2025 - 08:43
Okt 3, 2025 - 08:51
T-Satelite hemra aragatnaşyk hyzmaty “Google Kartalary”, WhatsApp we X-i goldamaga başlady

Starlink we T-Mobile mobil operatory 2025-nji ýylyň iýulynda aragatnaşyk bolmadyk ýerlerde işleýän T-Satelite hyzmatyny işe girizdiler. Ilkinji döwürde aragatnaşygyň elýeterli däl ýerlerinde diňe tekst habarlaryny ibermek mümkinçiligi bardy. Sentýabrda çykarylan täzeleme ulanyjylaryň mümkinçiliklerini giňeltdi. Mysal üçin, iOS 26 ulgamly enjamlarda Apple Music elýeterli boldy.

Indi T-Satelite arkaly WhatsApp* arkaly habarlary we suratlary ibermek mümkin. Şeýle hem ulanyjylara sesli we wideo jaňlary, şol sanda toparlaýyn çatlar hem elýeterlidir.

T-Satelite hyzmaty häzirlikçe diňe ABŞ-da işleýär. Abuna tölegi aýda on dollar. Bu hyzmatdan AT&T we Verizon mobil operatorlarynyň müşderileri hem peýdalanyp bilerler.