Täze Kia Qazaqstan zawodynda 1500 iş orny döredildi
Kasym-Žomart Tokaýewiň gatnaşmagynda Kostanaý şäherinde “Kia Qazaqstan” awtomobil zawody işe girizildi. Täze kärhana dünýäniň öňdebaryjy “Kia Motors” korporasiýasy bilen hyzmatdaşlykda gurlup, awtoulag öndürmegiň doly tehnologik tapgyryny öz içine alýar.
Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, bu zawodyň işe girizilmegi ýurduň awtosenagatynda tehnologik täzelenmäniň möhüm ädimi bolar. Kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 70 müň awtoulagdan ybarat bolup, taslamanyň umumy bahasy 131,5 milliard tenňe deňdir. Täze zawodyň meýdany 63 gektara golaý bolup, onuň açylmagy bilen 1500 adam hemişelik işle üpjün edildi.
Zawodyň işinde ýerli önümçiligi giňeltmek, ýagny komponentleriň köp bölegini ýurduň özünde öndürmek möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenýär. “Kia Qazaqstan” zawodynda öndüriljek awtoulaglaryň diňe içerki bazara däl, eýsem Merkezi Aziýanyň we EAEU ýurtlarynyň bazarlaryna hem iberilmegi göz öňünde tutulýar.
