Täze Okuw ýylyna mynasyp taýýarlyk

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Halaç etrabynda-da täze okuw ýylyna giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Etrapdaky orta mekdeplerde döwrebap derejede abatlaýyş we bejeriş işleri geçirildi. Şolaryň hatarynda Altyn asyr geňeşliginiň çäginde ýerleşýän 29-njy orta mekdepde hem giň göwrümli işler amala aşyryldy.

Awg 20, 2025 - 15:36
Täze Okuw ýylyna mynasyp taýýarlyk

Bu mekdepde häzirki wagtda 700-den gowrak okuwçy bilim-terbiýe alýar. Olara 57 mugallym sapak berýär. Bu mugallymlaryň ählisi öz işine ussat, tejribeli bilim işgärleridir. Gülnaar Hudaýberenowa, Ogulkeýik Hudaýberdiýewa, Merdan Joraýew, Aman Gurbangeldiýew ýaly mugallymlar çagalaryň bilim almagynda yhlas bilen zähmet çekýärler.

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdepde geçirilen taýýarlyk işleri ýokary derejede amala aşyryldy. Mekdebiň synp otaglarynyň, koridorlarynyň reňkleri täzelenip, gözellik bilen bezelen mekdep binasy göze eýlenen ýagdaýa getirildi. Bu bolsa mekdebe gelen her bir adamyň göwünini göterýär.

Mekdebiň müdiri Atamyrat Jumanyň aýtmagyna görä:

— Etrapda çagalaryň häzirki zaman şertlerinde bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Her ýyl etrap häkimligi bilen kärdeşler arkalaşyklarynyň bilelikde guramagynda orta mekdepleri täze okuw ýylyna taýýarlamak boýunça bäsleşik geçirilýär. Mekdebimiz şol bäsleşikde her ýyl öňdeligi eýeleýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem täze okuw ýylyna ýokary derejede taýýarlyk gördük. Şu ýyl 1-nji synpa 50-e golaý okuwçynyň gelmegine garaşylýar. Olary okatmak işine tejribeli mugallymlar çekiler. Häzirki wagtda biz çagalary mekdep durmuşyna öwrenişdirip, taýýarlyk sapaklaryny geçýäris. Arassa we ýagty otaglarymyz bolsa okuwçylary sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda döredilen mümkinçilikler we görülýän işler çagalaryň ýokary derejede bilim almagyna şert döretdi. Bu bolsa geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine ýol açýar.