Eswatininiň Patyşasy Mswati III halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi

Awg 4, 2025 - 10:42
Eswatininiň Patyşasy Mswati III halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi

Eswatininiň Patyşasy Mswati III BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. Belent mertebeli myhman şäheriň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň resmi wekilleri tarapyndan mähirli garşylandy.

Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän bu forum halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň, durnukly ösüşiň hem-de ulag-logistika gatnaşyklarynyň güýçlendirilmeginiň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljak esasy meýdançalarynyň biri bolar.

Patyşa Mswati III-niň gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurt hökmünde Eswatininiň halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, logistika mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmek ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly isleg bildirýändigi nygtalýar.

Patyşanyň bu foruma gatnaşmagy diňe bir resmi sapar bolman, eýsem Eswatininiň dünýä derejesindäki ykdysady we syýasy gepleşiklere işjeň gatnaşmaga taýýardygyny görkezýän möhüm ädim hökmünde-de häsiýetlendirilýär.