TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 33 million dollaryna golaý boldy

Iýun 24, 2025 - 08:29
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 33 million dollaryna golaý boldy

2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) geçen hepde geçirilen söwdalary boýunça resmi maglumatlar mälim edildi. Hasabat döwründe TDHÇMB-nyň söwda mejlislerinde jemi 44 geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna geçirilen geleşikleriň çäginde Birleşen Arap Emirlikleriniň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri ýurdumyzyň dürli döwlet konsernlerinde öndürilen önümleri satyn aldylar. Hususan-da, «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumy, şeýle hem «Türkmennebit», «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň önümi bolan suwuklandyrylan gaz daşary ýurtly alyjylara ýerlenildi.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna flanel önümleri, portlandsement, şeýle hem buýan köküniň goýy ekstrakty satyldy. Umuman, daşary ýurtly telekeçiler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 32 million 994 müň dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazar boýunça hem işjeňlik ýokary boldy. Türkmenistanyň telekeçileri tarapyndan tekiz boýalan we žakkard tüýjümek matalar, nah ýüplük, pagta linti, polipropilen, binýatlyk ýagy, nebit ýol bitumy, gaplaýyş plýonkasy hem-de tehniki uglerod satyn alyndy. Bu önümler esasan «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň önümleri bolup durýar. Içerki bazarda geçirilen geleşikleriň umumy bahasy 78 million 158 müň manatdan gowrak boldy.

TDHÇMB-nyň söwdalarynyň netijeleri ýurdumyzyň ykdysady işjeňliginiň ýokarydygyny we içerki hem-de daşarky bazarlarda türkmen harytlaryna bolan islegiň artýandygyny görkezýär.