Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arkaçi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär. Duşuşykda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, halkara we sebit derejeli meseleler, şol sanda Ýakyn Gündogarda ýüze çykan häzirki ýagdaý boýunça pikir alyşdylar.
Myhman duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamlaryny ýetirdi. Şeýle-de, Eýran halkyna bu kyn döwürde görkezilen ynsanperwer kömek hem-de doganlyk goldawy üçin türkmen tarapyna çuňňur minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistan özüniň halkara derejesinde ykrar edilen Bitaraplyk syýasatyna laýyklykda, dünýä döwletleri bilen deňhukukly, hoşniýetli we ynanyşmak esasynda dostluk gatnaşyklaryny ösdürýär. Döwletimiz ynsanperwer ýörelgelere esaslanyp, dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlary bilen yzygiderli çykyş edýär.
Türkmen tarapy, Ýakyn Gündogarda döreýän çylşyrymly ýagdaýlara ünsi çekip, bu ugurda diňe Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugynyň umumy kadalaryna laýyklykda hereket etmegiň zerurdygyny nygtady. Gürrüňi edilýän dartgynly ýagdaýda güýç ulanmakdan saklanmagyň we diplomatik mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan häzirki dartgynly ýagdaýlaryň çözgüdine parahatçylykly gepleşikler arkaly gatnaşmaga taýýardygyny, sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen ähli başlangyçlara goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Eýranyň daşary işler ministri türkmen tarapynyň döwletara gatnaşyklara örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini belläp geçdi. Ol öz çykyşynda doganlyk Türkmenistana, onuň ýolbaşçylaryna bildirýän hoşallygyny beýan etdi we iki ýurduň arasynda alnyp barylýan gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar geljekde hem özara düşünişmek, goldaw bermek we bar bolan ylalaşyklary yzygiderli ösdürmek esasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrjakdyklaryny tassykladylar.