Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary Rumyniýada tomusky tejribeliklerini geçýärler

Kluj-Napoka Tehniki uniwersiteti (TUCN) bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň arasyndaky ylmy-akademiki hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygynyň hem-de Erasmus+ maksatnamasynyň esasynda, 1 — 21-nji iýul aralygynda Kluj-Napoka Tehniki uniwersitetinde türkmen tarapynyň wekilleri üçin tomusky tejribelik maksatnamasy geçirilýär.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, maksatnama Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 14 talyby we 2 mugallymy gatnaşýar. Amaly sapaklar we ylmy-bilim çäreleri uniwersitetiň ýöriteleşdirilen fakultetleriniň laboratoriýalarynda guramaçylykly geçirilýär.
Gatnaşyjylaryň hünär ugry bilen baglanyşykly Kluj-Napoka şäherindäki we töweregindäki öňdebaryjy kärhanalara okuw saparlarynyň guralmagy tejribeligiň esasy bölegini düzýär.
Şeýle maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi halkara akademiki alyş-çalyşygy ösdürmäge möhüm goşant bolup, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkidýär hem-de telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ugury boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrýar.