Tesla fiziki açar kartyndan ýüz öwürýär — kompaniýa doly sanly ulgama geçýär

Okt 20, 2025 - 13:15
Tesla fiziki açar kartyndan ýüz öwürýär — kompaniýa doly sanly ulgama geçýär
Surat:Grok

Tesla kompaniýasy öz ulaglarynda uzak ýyllap ulanylyp gelnen fiziki açar kartlary ulanmakdan ýüz öwürmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň soňky maglumatlarynda hem-de ulagyň täzelenen ulanyjy gollanmasynda bellap geçilýär.

Tesla ulagyny satyn alan her bir müşderä ýörite iki sany açar karta berilýärdi. Bu kartalar köplenç diňe ulagyň ilkinji sazlamalaryny geçirmek üçin ulanylýardy. Soňra bolsa köplenç sürüjiler smartfon arkaly ulaglaryny açmagy we işjeňleşdirmäni saýlap başladylar.

Täze gollanmada ozal bar bolan setir – «Tesla size Model 3/Y üçin iki sany kart berýär» – dolulygyna aýrylypdyr. Bu bolsa kompaniýanyň bu funksiýadan doly el çekmek meýilnamasyna signal hökmünde düşünilýär.

Fiziki açar karta 2017-nji ýyldan bäri Tesla ulaglarynyň standart enjamlaşdyrylyşyna girýärdi. Şeýle-de bolsa, ol häzirki wagtda diňe käbir ýagdaýlarda peýdalanylýar — meselem, telefonyň zarýady gutaranda, park hyzmatyndan peýdalanylanda ýa-da ulag wagtlaýyn başga birine berilende.

Tesla häzirki wagtda açar kartalaryny resmi internet dükany arkaly aýratyn satmagyny dowam etdirýär. Emma kompaniýanyň ähli dolandyryş ulgamyny sanly platformalara geçirmek maksadynyň bir bölegi hökmünde, bu fiziki kartalaryň ýakyn wagtda doly aradan aýrylmagyna garaşylýar.

Bu ädim Tesla-nyň ulaglaryny dolandyrmakda has amatly, awtomatlaşdyrylan we howpsuz sanly ekosistema tarap ýene bir möhüm geçişi alamatlandyrýar.