Tomus dynçlygy bilim bilen utgaşýar: Lebapda çagalar okuw merkezlerine gatnaşýar
Türkmenabatdaky «Kämil bilim» okuw merkezi tomusda çagalar üçin dürli ugurlar boýunça gyzykly we peýdaly sapaklary, döredijilik çäreleri we bäsleşikleri hödürleýär.

Tomus dynçlygy – diňe bir dynç almak däl, eýsem ösüşe we bilim almaga hem mümkinçilikdir. Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň ençeme ýaşaýjysy çagalarynyň tomusky wagtlaryny diňe internete ýa-da öýde geçirmegine däl-de, olar üçin peýdaly bilim we ösüş mümkinçiliklerini hödürleýän okuw merkezlerine ýüz tutýarlar.
Türkmenabat şäherindäki «Kämil bilim» okuw merkezi bolsa bu ugurda tapawutlanýan ojaklaryň biri hökmünde tanalýar.
Tomus okuwlary – dynç alyş bilen baglanyşykly, gyzykly we peýdaly
Türkmenistanyň ähli sebitlerinde şahamçalary hereket edýän «Kämil bilim» okuw merkezi, Lebap welaýatynyň Türkmenabat we Kerki şäherlerinde onlarça okuwçy bilen üstünlikli iş alyp barýar. Merkeziň dört esasy ugurdan sapaklary hödürleýän Türkmenabatdaky şahamçasynda:
-
Tebigy we takyk ylymlar (himiýa, biologiýa, fizika),
-
Mental arifmetika (6–12 ýaş aralygyndaky çagalar üçin),
-
Iňlis dili (çuňlaşdyrylan usulda),
-
Labaratoriýa tejribeleri aýratyn aýratynlykda öwredilýär.
Sapaklar diňe bir maglumat bermek bilen çäklenmän, okuwçylary halkara we döwlet derejesindäki ders bäsleşiklerine hem taýýarlaýar. Merkeziň taryhynda dünýä çempiony bolan okuwçy hem bar.
Bilimiň ösüşinde tejribeli mugallymlar – ösüşiň özeni
Merkezde tejribeli we işine höwesli mugallymlar bilen okuw geçirilýär. Himiýa mugallymy Dinara Kurbanowa, iňlis dili mugallymy Eziz Paltaýew, mental arifmetika boýunça Meýlis Jelilow we beýlekiler ýaş nesle täzeçe çemeleşmeler bilen bilim berýärler.
Okuwlaryň çuňlaşdyrylan görnüşde geçirilýän tomusky tapgyry ir sagat 09:00-dan agşam 21:00-a çenli dowam edýär. Okuwlar oýun elementleri bilen utgaşdyrylýar, okuwçylar diňe sapaklara gatnaşman, eýsem her hepdäniň ahyrynda gezelençler, sport çäreleri, medeni we döredijilik çäreleri bilen hem meşgullanýarlar.
Okuw – diňe sapak däl, giň mümkinçilikler
Merkezde her anna we şenbe günleri 10–15 minutlyk medeni çykyşlar, aýdym-sazly çykyşlar, karaoke we bilim bäsleşikleri geçirilýär. Bu çäreler okuwçylaryň ukyplaryny açmak bilen bir hatarda olaryň öz ynamyny hem artdyrýar.
Şeýle hem, okuwlary has baýlaşdyrmak üçin ýörite laboratoriýa işler, tejribeler we amaly sapaklar gurnalýar. Merkezde 2000-den gowrak okuwçy bilim alýar, olaryň her biri aýratyn üns bilen ösdürilýär.
Bilim merkezinden geljege açylan gapy
«Kämil bilim» diňe bir okuw merkezi däl, eýsem ýaş zehinleriň ýüze çykarylýan, olaryň geljegine ýol açylýan döwrebap bilim ojagydyr. Döwrebap programma, oýlanyşykly okuw çemeleşmesi we baý çäreler bilen bu merkez ýaş nesil üçin giň mümkinçilikleriň gapysyny açýar.
Türkmenabatdaky şahamçanyň indiki okuw tapgyry 2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda başlanar.