Türki döwletler sebit derejeli TurkMET atly metrologiýa guramasyny döretmegi meýilleşdirýärler
Ýakyn wagtda türki döwletleriň sebit metrologiýa guramasy — TurkMET döredilip bilner.
Bu barada Türki döwletleriň guramasynyň (TDG / OТG) Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliew Baku şäherinde geçirilen TDG agza ýurtlarynyň senagat, ylym, tehnologiýa we innowasiýalar boýunça ministrleriniň 2-nji duşuşygynda aýtdy diýip, Report habar berýär.
Onuň sözlerine görä, taýýarlyk işleri eýýäm dowam edýär we guramanyň agza döwletleri TurkMET düzgünnamasy boýunça öz tekliplerini hödürläpdirler.
“Biz bu resminamanyň ýakyn wagtda gol çekilmegine garaşýarys. Mundan başga-da, Gyrgyzystanyň başlangyjy bilen TDG agza döwletleriniň standartlaşdyrma edaralary arasynda düşünişmek hakyndaky taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminama türki sebitde institusional hyzmatdaşlygy, özara ykrar edilmegi we standartlaryň utgaşdyrylmagyny pugtalandyrjak möhüm ädim bolar,” — diýip, Omuraliew belledi.
Şeýle hem, ol türki döwletleriň kosmos tehnologiýalary ugurynda işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady — Türkiýäniň CubeSat taslamasyndaky gatnaşygyny we okuw maksatnamalaryny, şeýle hem Azerbaýjanyň hyzmatdaşlyk üçin hukuk esaslaryny döretmek boýunça edýän tagallalaryny mysal hökmünde görkezdi.
