Amerikan fizigi 3I/ATLAS atly ýyldyzara jisim barada aýdylan «ýat planetaly gelip çykyş» baradaky pikirleri düşündirdi
Amerikaly teoretik fiziki Mitio Kaku alymlaryň arasynda onuň «ýat planetaly gelip çykyşly» bolmagy baradaky jedelleri döreden 3I/ATLAS atly näbelli ýyldyzara jisim barada öz pikirini beýan etdi. Fizik bu barada Newsmax teleýaýlymyna beren söhbetdeşliginden bir bölegi öziniň X (öňki Twitter) sosial ulgamyndaky sahypasynda ýerleşdirdi.
3I/ATLAS — ýyldyzlar arasyndaky giňişlikden Gününiň ulgamyna girendigi tassyk edilen üçünji jisimdir.
Fizigiň bellemegine görä, alymlaryň köpüsi 3I/ATLAS-yň diňe bir ýyldyzara jisim bolup, käwagt Gününiň ulgamyndan geçýän beýleki şeýle jisime meňzeýändigine ynanýarlar. Ýöne kiçi, emma barha işjeňleşýän bir topar gözlegçi bu jisimiň emeli bolmagy ýa-da ösen aňly bir güýjüň dolandyryşy astynda hereket etmegi mümkin diýip hasaplaýarlar.
«Eger-de ol Günüň golaýyndan geçende goşmaça energiýa alyp bilse, bu energiýanyň saklanyşynyň adaty kanunlaryna ters gelýär. Bu bolsa onuň bir aňly güýjüň tarapyndan dolandyrylýandygyny aýdyň aňladýar,» — diýip, Kaku aýtdy.
Birnäçe gün soň Mitio Kaku X sahypasynda, onuň söhbetdeşliginden soň internetde köp sanly emeli intellekt arkaly döredilen galp wideolaryň peýda bolandygyny, şol wideolaryň «onyň adyndan jemgyýeti aldaýandygyny we akyla sygmajak ýalan maglumatlary ýaýradýandygyny» habar berdi.
Ýyldyzara jisim 3I/ATLAS ilkinji gezek 1-nji iýulda ýüze çykaryldy. Ol takmynan 24 kilometrlik komasyna eýe bolan, 7,5 milliard ýyl töweregi ýaşly gadymy kometadyr.
Germaniýanyň Garward uniwersitetiniň astrofizigi Awi Lebiň hasaplamalaryna görä, 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda bu jisim Ýer bilen iň ýakyn aralyga — takmynan 267 million kilometre çenli ýakynlaşar. Şol wagt, Lebiň pikirine görä, bu jisimleriň emeli tebigatymy ýa-da ýokdugy has anyk bolar. Alymyň çaklamasyna görä, 3I/ATLAS-yň hereketi daşary planetaly aňly güýjüň hasaplamalary boýunça amala aşyrylan bolmagy mümkin.
