Hytaý emeli intellekt boýunça dünýä hyzmatdaşlyk guramasyny döretmegi teklip etdi

Noý 1, 2025 - 15:27
Hytaý emeli intellekt boýunça dünýä hyzmatdaşlyk guramasyny döretmegi teklip etdi

Hytaý Halk Respublikasy halkara jemgyýetçiligine emeli intellekt (EI) babatynda dünýä derejesindäki hyzmatdaşlyk guramasyny döretmegi teklip etdi.

Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, Report neşiri habar berdi. Bu teklibi Hytaýyň döwlet baştutany Si Szinpin Koreýanyň Kýondžu şäherinde geçirilen Ýuwaş okean- Aziýa ykdysady hyzmatdaşlyk (APEC) sammitinde beýan etdi.

«Hytaý emeli intellekt babatynda hyzmatdaşlyk boýunça dünýä guramasyny döretmegi teklip edýär. Bu gurama halkara jemgyýetçiligine emeli intellekt ulgamynda umumy peýda getirjek hyzmatlary hödürlär» diýip, ol aýtdy.

Si Szinpiniň bellemegine görä, Hytaý APEC agzalary bilen bilelikde emeli intellekt boýunça jemgyýetçilik sowatlylygyny ýokarlandyrmaga we Aziýa–Ýuwaş okean sebitinde sanly hem-de akylly tehnologiýalar babatyndaky tapawudy azaltmaga taýýardygyny beläp geçýär.