Türkmen hünärmenleri Malaýziýada deňiz logistikasynyň täze tejribeleri bilen tanyşdy

Türkmenbaşy Halkara Deňiz Portunyň hünärmenleri 21–25-nji iýul aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde «Klang» portunyň hünärmenleri tarapyndan guralan Deňiz mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça sebitleşdirilen maksatnama gatnaşdylar.
Çäräniň maksady hyzmatdaşlygy berkiltmekden we ylmy-tejribe alyşmakdan ybarat boldy diýip, «Türkmenportal» saýty habar berýär.
«Klang» porty dünýäniň iň uly 10 sany konteýner portlarynyň biri bolup, maksatnamanyň dowamynda malaýziýaly hünärmenler port işiniň esasy ugurlary boýunça gatnaşyjylar üçin okuw sapaklaryny geçirdiler.
Çärä gatnaşyjylar portlaryň işini mejilleşdirmegiň aýratynlyklary bilen tanyşdylar, şeýle-de ýük ýüklemek we düşürmek işleriniň dolandyrylyşynyň, şol sanda logistika ulgamynyň guralyşynyň öňdebaryjy tejribelerini öwrendiler.