Häzirki wagtda ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär

Ýurdumyzyň çägini howply ýokanç kesellerden goramak we olaryň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen möhüm çäreler amala aşyrylýar. Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň howa, ulag we demir ýol serhet nokatlarynyň ählisinde arassaçylyk-karantin bölümleriniň işi kämilleşdirildi, gözegçilik-karantin nokatlary döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Netijede, häzirki wagtda eziz Watanymyz dünýä ýurtlarynyň arasynda howply ýokanç keseliň ýaýramadyk ýurtlarynyň biri hökmünde görkezilýär.
Keseliň öňüni almak hem-de raýatlarymyzyň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin ýokanç kesellere garşy öňüni alyş waksinalar döwlet serişdeleriniň hasabyna alnyp, raýatlarymyza tölegsiz ýagdaýda ýetirilýär.
Keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejesinde ykrar edilýär. Muňa ýurdumyza gowşurylan halkara güwänamalar, sylaglar we beýleki resmi resminamalar şaýatlyk edýär. Mysal üçin:
-
2000-nji ýylda ýokanç deri (drakunkulýoz) keseliniň ýok edilendigi baradaky halkara güwänama,
-
2002-nji ýylda poliomiýelit keseliniň ýok edilendigi baradaky güwänama,
-
2016-njy ýylda gyzamyk we gyzylja keselleriniň eliminasiýasy boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitinden berlen güwänama.
Saglyk ulgamynda düýpli özgertmeler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş edaralary yzygiderli gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Şolaryň hatarynda paýtagtymyz Aşgabatda 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň hut özi gatnaşyp açan Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Bu müdiriýetiň düzümine:
-
Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasy,
-
Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezi,
-
Milli AIDS-iň öňüni alyş merkezi,
-
Ýokanç keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezi,
-
Merkezleşdirilen barlaghana we
-
Gan merkezi girýär.
Şeýle hem welaýatlarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokanç keselleri hassahanalary açylyp, halkymyzyň hyzmatyna berildi.
Keselleriň öňüni almak maksat edinilýär
Merkeziň binýadynda hereket edýän ähli saglygy goraýyş edaralarynyň baş maksady — ýokanç keselleriň öňüni almakdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda adam saglygyna we sagdyn durmuş ýörelgelerine jemgyýetiň durnukly ösüşiniň hem-de adamyň durmuş bagtyýarlygynyň esasy girewi hökmünde garalýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler sazlaşykly we yzygiderli häsiýete eýedir. Şeýle işler ýokary görkezijiler bilen tapawutlanyp, halkara hyzmatdaşlygyň hem ynamly subutnamasyna öwrülýär.
30 ýyllyk üstünlik — “Saglyk” Döwlet Maksatnamasy
Häzirki wagtda 30 ýyllygyny belläp geçýän "Saglyk" döwlet maksatnamasy bu ugurda durmuşa geçirilen giň möçberli özgertmeleriň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedralary hem hereket edip, ýokary derejede bilim bermegi dowam etdirýär.
Ýokanç keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezi
Bu merkezde gün-gije ýüz tutýan näsaglaryň keselleri anyklanyp, degişli bölümlere ýerleşdirilýär we maslahat berilýär. Onda:
-
Çagalaryň we ulularyň içege ýokanç keselleri,
-
Wirusly gepatitler,
-
Howa-damja ýoly bilen geçýän ýokanç keseller,
-
Angina,
-
Ýiti respirator ýokanç keseller,
-
Aýratyn howply ýokanç keseller ýaly bölümler hereket edýär.
Näsaglar ähli zerur barlaglardan geçirilip, degişli bejergiler bellenilýär. Şeýle-de bejergi bölümlerinde agyr näsaglar üçin ýöriteleşdirilen intensiw bejergi otaglary bar. Rentgen we funksional anyklaýyş bölümlerinde bronchoskopyýa, EKG, USB, rentgen, kolonoskopiýa ýaly barlaglar geçirilýär.
Gepatitleriň bejergisinde täzeçil çemeleşmeler
Soňky ýyllarda parenteral gepatit keseliniň bejergisinde uly üstünlikler gazanyldy. BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen baglaşylan bilelikdäki maliýeleşdirmek ylalaşyklary esasynda dowamly wirusly B we C gepatiti bejermek üçin iň häzirki zaman derman serişdeleri ulanylýar. Bu çäreler, gepatit bilen kesellän näsaglary bejermekde we gaýragoýulmasyz ýagdaýlaryň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir.
Gan merkezi
Ýokanç keselleri merkezleriniň müdiriýetiniň Gan merkezi donorçylygy ösdürmek, saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek, innowasion tehnologiýalary lukmançylyga ornaşdyrmak ýaly möhüm işleri alyp barýar.
Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda gany we onuň düzüm böleklerini howpsuz ýagdaýda taýýarlamak, saklamak we ulanmak işleri döwrebap derejede alnyp barylýar.
Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezi
Bu merkezde diňe bir inçekeseliň dürli görnüşleri däl, eýsem, beýleki utgaşyp gelýän keseller hem doly anyklanyp bejerilýär. Kabul ediş we maslahat beriş bölümlerinde ftiziatrlardan başga-da pediatr, oftalmolog, otolaringolog, trawmatolog, narkolog, akuşer-ginekolog, urolog we terapewt ýaly dar ugurly hünärmenler hem işleýärler.
Deri-wenerologiýa we kosmetologiýa hyzmatlary
Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasynda kosmetiki hyzmatlaryň gerimi giňeldildi. Onda:
-
Kosmetiki kombaýn,
-
Kömürturşy lazer,
-
Elektrokoagulýator,
-
Fraksion fotodermoliz lazer enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kosmetologiýa otaglary hereket edýär.
Bu ýerde deriniň garramagyna garşy çäreler, ýag bezleriniň adenomalary, seboreýaly keratoma, siňňiller, giperpigmentasiýalar aýrylýar. Dermatologiýa bölüminde iriňli deri keselleri, allergiki we wirusly dermatozlar, kollagenozlar, psoriaz, waskulitler, leýşmanioz ýaly keseller bejerilýär. Mikologiýa bölüminde ýokanç deri keselleri kesgitlenýär we bejerilýär.
AIDS-iň öňüni alyş işleri
Milli AIDS-iň öňüni alyş merkezi ýurduň dürli edaralary bilen hyzmatdaşlykda ilatyň saglygyny berkitmek, AIW ýokanjynyň öňüni almak, zähmete ukyplylygy ýokarlandyrmak ýaly ugurlarda iş alyp barýar.
Annaguly Rejepow
Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri